21/10/2020 18:43
Home YKDYSADYÝET Türkmenistan bilen Gazagystan demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan bilen Gazagystan demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

“Turkmendemiryollary” agentliginiň edara binasynda “Gazagystan demir ýoly Milli kompaniýasynyň” Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň barşynda döwletara hem-de sebit ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmegiň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäk taýdan amatly ýagdaýy eýeläp, sebit we sebitara ýollarynyň strategik çatrygynda ýerleşýän, Türkmenistan örän uly üstaşyr, ulag kuwwatyna eýe bolup, ony has netijeli amala aşyrmaga çalyşýar.

Duşuşykda hökümetara ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek, üstaşyr-ulag ulgamynda geljekki hyzmatdaşlyk etmek barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Ýewropa bilen Aziýany baglaýjy möhüm halka hökmünde Türkmenistan-Gazagystan- Eýran transmilli ulag geçelgesiniň işlemegi, şeýle hem “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň hereket etmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi, şol sanda ony ulanmak boýunça bilelikdäki çäreleriň birnäçesi kabul edildi.

Taraplar halkara ulag-üstaşyr ýollarynyň geçirijijik ukybyny netijeli peýdalanmak, demir ýol konteýnerleriniň daşalýan mukdaryny has-da artdyrmak hem-de olaryň çäklerini giňeltmek maksady bilen nyrh syýasatyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dürli ugurlarda durnukly ýük daşalmagyny üpjün edýän, ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleriniň hem-de halklarymyzyň durmuş derejesiniň ösüşi bilen bagly logistika ulgamynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigi aýratyn nygtaldy.

Okap bilersiňiz  İhaleler: Yeni AVM İçin İhale
Okap bilersiňiz  Dünýäniň ilkinji ýüzýän eko-lýuks myhmanhanasy

Mundan başga-da, türkmen hünärmenleri “Türkmenbaşy-Aşgabat-Mary-Türkmenabat” demir ýol bölegini döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek taslamasyny amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek meselesi hakynda-da durup geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

 

Okap bilersiňiz  Motosiklleriň bahasy iki esse ýokarlandy

IŇ TÄZE HABARLAR

Barselona oýunçylary bilen şertnamalaryny täzeledi

Futbol sportunuň beýik toparlarynyň biri hasaplanylýan “Barselona” futbol topary, özüniň esasy düzümde çykyş edýän derwezewan Mark Ter Ştegen, goragçy Jerard Pike, Kleman Lengle we...

Myhman ataňdan uly

Hormatly Prezidentimiz türkmenleriň asyrlar boýy häsiýetinde jemlenen, mirasa sarpa goýmagyň binýadyny çuňňur pelsepeçilik, özboluşly dünýägaraýyş manysyny “Myhmansöýüjilik türkmeniň ruhy-ahlak gözelliginiň ajaýyp keşbidir” diýip belleýär....

Dünýäniň öňdebaryjy kinoprokaty

“Artisan Gateway” maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda Hytaý döwletiniň kinoteatrlarynyň umumy girdejisi eýýäm 1,988 milliard dollar barabar bolup, Demirgazyk Amerikada bolsa film prokat bazarynda bolsa...

“Çempionlar liga” duşuşyklarynyň gyzykly wakalary

“PSŽ” öz öýünde utuldy
Okap bilersiňiz  The working visit of the Turkmen delegation to Germany
Fransiýanyň “PSŽ” topary “H “topaçasyndaky gijeki oýunda iňlis topary “Mançester Ýunaýtedden” 2-1 hasabynda ýeňildi. “Başakşehir” gowy oýun görkezdi, ýöne 4 minutda 2...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Iň gadymy söýgi poemasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň baý milli mirasyna hususan-da ruhy gymmatlyklaryna uly üns berýär. Ata-babalarymyz tarapyndan döredilip biziň  günlerimize  gelip ýeten  iň gadymy,...

Türkmenistan Dewis kubogyna taýýarlanýar

Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň agzasy Dewid Haggerti bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň, şeýle-de Daşary işler,...

Aýal

                                               ...

“Google”-dan peýdaly funksiýa

Adamlaryň köpüsi aýdymlary diňlemegi söýýärler, hat-da käbir aýdymlary diňläp, özleriniň durmuşynda bolan wakalaryny hem ýada salýarlar. Aýdym adamynyň ýadawsyzlygy aýyrmak üçin hem uly kömek...