20/01/2021 20:29
Home YKDYSADYÝET «Türkmenhowaýollary» agentligi täze uçarlar satyn alar

«Türkmenhowaýollary» agentligi täze uçarlar satyn alar

Ýurdumyzyň «Türkmenhowaýollary» agentligi täze uçarlar satyn alar. Bu barada “orient.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Internet sahypasyndaky habara görä, Türkmenistanyň Prezidenti “2012-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de ýük gatnawynyň möçberini artdyrmak babatda degişli Karara gol çekdi.

Bu resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligine Fransiýanyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasy bilen «P2F» modifikasiýaly «A330-200» kysymly uçarlaryň 2-sini satyn almak babatda şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Şeýle görnüşli uçarlaryň ýük göterijilik kuwwaty 59 tonna, uçuş menzil aralygy bolsa 7400 kilometre deňdir.

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Okap bilersiňiz  Türkmen Lideri Tacikistan Yolcusu

IŇ TÄZE HABARLAR

“UFC” guramasyndan baýraga mynasyp boldy

Başa-baş söweş sungaty boýunça russiýaly txrgen Habib Nurmagomedow, UFC guramasy tarapyndan 2020-nji ýylyň “Iň gowy bogmak emeli” diýen baýragyna mynasyp boldy. Türgen öz ýürek...

Germaniýada örtügiň ornuna…

Ýewropada we Ýer ýüzüniň beýleki yklymlarynyň käbir döwletlerinde koronowirus keseliniň täze, has ýiti akymynyň ýaýramagy bilen, öňüni alyş çäreleri has güýçlendirilýär. Bu güýçlendirmeler Germaniýada...

Günorta koreýaly futbolça bagyşlanan film

Angliýanyň “Tottenhem” futbol toparynyň tälimçilik wezipesine Žoze Mourinýo bellenenden soňra, günorta koreýaly hüjümçi Son Hyn Miniň futbol karýerasyny ösüşlere tarap ugur aldy. Häzirki wagtda...

«Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberini artdyrdy

2020-nji ýylyň 9 aýynda «Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberlerini 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,2 mlrd kub metre çenli artdyrdy. Muňa...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

2021-nji ýyl gysga bolar

Kanadanyň Ýork uniwersitetiniň professory Pol Delani “CTV” teleýaýlymynda “Siziň ertiriňiz” atly gepleşiginde Ýeriň tizligi güýçlendi, bu bolsa Ýeriň ýüzündäki wagty gysgaltdy diýip, belläp geçdi....

«Derýaýollary» önümçilik birleşigi paýdarlar jemgyýetine öwrülýär

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Derýaýollary» önümçilik birleşiginiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, paýdarlar jemgyýetine öwürmäge ygtyýar almak baradaky mesele boýunça hasabat berildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde...

«Ferhar» hojalyk jemgyýeti banan şitillerini ýetişdirýär

Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Sa­kar­çä­ge et­ra­by­nyň «Ge­ňeş» daý­han bir­le­şi­gi­niň çä­gin­de ýer­leş­ýän «Fer­har» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tinda bananyň şitilini ýetişdirmek işleri dowam edýär. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.
Okap bilersiňiz  7 ýyldan soň dolanyp geldi
Has...

Hytaý rugsat berdi: BSGG-niň wekilleri Uhana geler

Koronowirusyň gelip çykyşyny öwrenmäge berkidilen halkara bilermenleriň topary Hytaýyň Uhan şäherine gelerler.  Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň mälim edişi ýaly, Hytaý hökümeti 11-nji ýanwar güni halkara...