8.9 C
Istanbul
02/06/2020 10:17
Home IŇ TÄZE HABAR Türkmen dokma önümleriniň Russiýa eksporty

Türkmen dokma önümleriniň Russiýa eksporty

2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dokma senagatynda eksport mümkinçilikleri we importa bolan islegleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Söwda-Senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly iş maslahaty geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Bu duşuşyk gatnaşyjylara Türkmenistan bilen RF-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Taraplar söwda ulgamynda, birža işlerinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berdiler, hususan-da, Türkmenistandan harytlaryň iberilmegi boýunça gyzyklanma bildirdiler. Gatnaşyjylar türkmen önümleriniň – tekstil harytlarynyň, ýüplükleriň, pamyk önümleriniň RF-na iberilmegi bilen bagly meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Mejlisiň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen bagly işiň gidişine hoşallygyny bildirdiler.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistan we Eýran serhetdäki gözegçilik nokatlaryny güýçlendirýärler

2020-nji ýylyň 30-njy maýynda «Sarahs–Sarahs», «Artyk– Lütfabat» we «Altyn Asyr– Inçeburun» gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gurluşygy alnyp barylýan zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek hem-de bu...

Türkmenistan bilen Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň telefon sohbetdeşligi

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň daşary syýasat...

Iň güýçli türgenleriň sanawy düzüldi

Garyşyk sungaty boýunça rus türgenleri Fýodor Ýemeliýanenko we Habib Nurmagomedow  bu sportuň iň beýik on wekiliniň hataryna girýär, diýip bellenilýär. Bu barada Amerikanyň CBS...

Ženewa awto sergisi yza süýşürildi

Ýer ýüzünde iň iri awto sergileriniň biri bolan Ženewa awto sergisi wagtlaýynça togtadyldy. 600 müň adamyny özünde jemleýän bu sergi dünýädäki käbir sebäplere görä...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Çagalar sungat mekdebi okuwa kabul edýär

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebi 2020 — 2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça çagalary okuwa kabul edýär: Ýörite fortepiano. Bu...

Türkiýeden Türkmenistana haçan uçar gatnawlary başlaýar?

Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkiýäniň daşary ýurtlara uçar gatnawlaryny amala aşyrmaga başlajakdygy barada habar berildi. Resmi däl maglumatlara laýyklykda, Türkiýe Respublikasy koronawirus sebäpli...

“Redmi” telefonlarynyň 5G ulgamly täze görnüşi

“Xiaomi” kompaniýasy 5G we täze prosessorly “Redmi 10X” we “10X Pro” akylly telefonyny hödürledi. “Media Tek Dimensity 820” prosessorly akylly telefony birnäçe hepde mundan...

Şakiradan täze albom

Dünýä belli latyn aýdymçysy Şakira, muşdaklarynyň islegi bilen üç ýyldan soň täze albom taýýarlaýandygyny aýtdy. Ýakynda has takygy 2017-nji ýylda “El Dorado” albomyny çykaran...