28/01/2021 10:04
Home YKDYSADYÝET “SOCAR Trading” Türkmenistandan çykaryljak nebiti satyn alar

“SOCAR Trading” Türkmenistandan çykaryljak nebiti satyn alar

Ýakyn iki ýylyň dowamynda “SOCAR Trading” (Azerbaýjan) kompaniýasy Türkmenistanda Önümi paýlaşmak hakynda Şertnamanyň şertlerinde iş alyp barýan Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasyndan iki million tonna nebit satyn alar. Bu barada “oilgas.gov.tm” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

Azerbaýjan kompaniýasy “Petronas”-yň Gyýanly nebit ýataklaryndan çykarylýan nebit çig malyny satyn almak boýunça bäsleşiginde ýeňiji boldy. Şertnama iki ýyl möhlet bilen baglaşyldy we möhletini uzaltmak mümkinçiligine eýe boldy, diýip “Trend” agentligi habar berýär.

Öň, “SOCAR Trading” şeýle hem “Eni Turkmenistan” kompaniýasynyň 2021-nji ýylda Ekerem käninden çykaryljak 500 müň tonna nebit çig malyny satyn almak bäsleşiginde hem ýeňiji bolupdy.

Türkmen nebitiniň satyn alynýan möçberlerini Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçirijisi boýunça ugratmak meýilleşdirilýär. Munuň özi, hünärmenleriň çaklamasyna görä, bu nebit ugry boýunça iberilýän çig mallaryň möçberleriniň artmagyna getirer.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  Türkmen milli göreşi VI Aziýa oýunlarynyň maksatnamasynda

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowa hormat at dakyldy. Bu barada "Watan"...

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Döwlet serhet...

Iň köp isleg bildirilen kabelsiz gulaklyk

2020-nji ýylda “Bluetooth-gulaklygynyň” ähli görnüşleriniň jemi 300 million sanysy satyldy diýip, “Strategy Analytics” kompaniýasy maglumat berýär. Geçen ýylda kabelsiz gulaklyklaryň arasynda “TWS” gulaklygyna uly...

Türkmen toparlarynyň AFK Kubogyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň bije çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Futbol Federasiýasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.
Okap bilersiňiz  Taryhda şu gün – 15-nji sentýabr
Onuň netijesinde Türkmenistanyň futbol...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Milli synçylar bellige alyndy

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, milli parlament Milli Geňeş, onuň kanun çykaryjy palatasy Mejlis, wekilçilikli palatasy Halk Maslahaty...

Wengriýa Ýewropada rus sanjymyny ilkinji tassyklan ýurt

Wengriýanyň Milli mejlisiniň agzasy Gergeý Guýaş, Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyna wagtlaýyn rugsat berlendigini we “AstraZeneca” sanjymyny tassyklandyklaryny habar berdi. Şeýlelikde, bu ýurt Ýewropada Russiýanyň...

Täze Hyzmat: Makul Krosswordly Sözlük

“Makul Sözlük” özüniň täze hyzmatyny, krosswordly sözlügini hödürleýär. Türkmen we Iňlis dillerinde jemi 15000 gowrak baş sözi özünde jemleýän “Makul Sözlük” (sözlügi ulanmak üçin...

Şri-Lanka syýahatçylara gapylaryny açdy

Şri-Lanka döwleti dünýäniň islendik künjeginden syýahatçylary kabul edip başlar diýip, metbugat gulluklary habar berýär. Ýerli häkimiýetler syýahatçylaryň we ýerli ýaşaýjylaryň howpsuzlygy üpjün etmek üçin...