27/11/2020 10:34
Home YKDYSADYÝET Rus gazyny spot bahadan satyn almak mümkinçiligi

Rus gazyny spot bahadan satyn almak mümkinçiligi

Russiýanyň “Gazprom Eksport” kompaniýasy Türkiýe Respublikasyna 700 müň kubmetr tebigy gaz satmak barada elektron platformada şertnama baglaşdy. Bu ugurda geçirilen bäsleşigiň netijesinde, Russiýa ilkinji gezek Türkiýe Respublikasyna spot bahadan tebigy gaz satar.

Soňky ýyllarda tebigy gaz bazarynda uzakmöhletleýin we nebitiň bahasyna laýyklykda gaz şertnamalarynyň ornuny gysga möhletli we ylalaşykly şertlerde spot şertnamalar alyp başlady. Tebigy gaz bazarynda biržanyň bahalaryna görä, spot söwdanyň gerimi giňäp, şoňa laýyklykda, ählumumy tebigy gazyň bahasy pese gaçýar. Bahalaryň pese gaçmagynda suwuklandyrylan gazyň hem ähmiýeti uludyr. Türkiýe bu döwürde arzan bahaly suwuklandyrylan gaz importuna uly ähmiýet berip başlady.

Türkiýäniň suwuklandyrylan gazy import etmegi hem-de bu ugurda diwersifikasiýa has köp ähmiýet bermegi Russiýadan satyn alynýan tebigy gazyň möçberiniň azalmagyna getirdi. Şu ýylyň birinji ýarymynda tebigy gazyň importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 41,5 göterim peselip, 4 milliard 678 million 66 müň kubmetre çenli azaldy. Geçen ýylyň degişli döwründe Russiýadan 7 milliard 993 million 86 müň kubmetr gaz import edilipdi.

Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň Prezidenti iri ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkiýe Respublikasy sarp ediş derejesi 45 milliard kubmetre deň bolup, Ýewropanyň iň uly 5-nji bazarydyr.

Okap bilersiňiz  Türkmenistan - Koreýa: hyzmatdaşlygyň gerimi giňelýär

 

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

IŇ TÄZE HABARLAR

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

Hormatly Pezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäherinde welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek babatda degişli resminama kabul edildi. Halklaryň arasynda dost-doganlygy,...

Nebit guýylarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçiligine ornaşdyrmak arkaly nebit guýylarynyň önüm berijiligini...

Banklardan karzlary onlaýn almagyň tertibi ýola goýlar

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady...

Döwürleýin neşirleriň elektron ulgama geçmegi çaltlandyrylar

Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Zähmete minnetdarlyk güni

Ýaponiýanyň milli baýramçylyklarynyň biri bolan, “Zähmete minnetdarlyk güni” her ýylyň 23-nji noýabrynda ýurduň çäklerinde giňden bellenilýär. Bu günde ähli pudaklaryň işgärleri, daýhanlar, döwlet edaralarynyň...

Hususy telekeçileriň dykgatyna: Pensiýa gatançlary

«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar – hususy telekeçiler, hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi...

“Google” kompaniýasy Hindistana aralaşýar

“Google” kompaniýasy Hindistanda hereket edýän “ShareChat” sosial media platformasyny satyn alar. “Economic Times” metbugatynyň habaryna görä, “Google” kompaniýa “ShareChat” sosial media platformasyny 1 milliard...

Türkmenistan Ženewada geçirilýän maslahata gatnaşýar

2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Ženewada Owganystan boýunça ýokary derejeli iki günlük maslahat öz işine başlady. Ol onlaýn görnüşinde Owganystan Yslam Respublikasynyň we Finlýandiýa Respublikasynyň...