8.9 C
Istanbul
29/05/2020 4:46
Home IŇ TÄZE HABAR Niderlandlar bilen gämi gurluşygynda hyzmatdaşlyk

Niderlandlar bilen gämi gurluşygynda hyzmatdaşlyk

Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Niderlandlar Patyşalygynyň «Damen Shipyards Gorinchem» kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny berkitmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem duşuşyga «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistan iň gowy dünýä tejribesiniň çekilmegine üns bermek bilen, döwrebap tehnologiýalara hem-de ylmy-tehniki innowasiýalara eýe bolan öňdebaryjy Ýewropa kompaniýalarynyň tejribesine uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, «Damen Shipyards Gorinchem» kompaniýasy bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine seredildi. Bu kompaniýa bazaryň her bir ugry üçin niýetlenen gämileri — tirkeglerden başlap, lýuks kysymly gämilere çenli işläp taýýarlamak we gurmak babatda ýöriteleşdirilendir.

Duşuşyga gatnaşyjylar uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga özara islegiň bardygyny tassyklamak bilen, bar bolan mümkinçilikleri, şeýle hem degişli pudaklarda, şol sanda gämi gurluşyk pudagynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkiye’den Türkmenistan’a uçuşlar ne zaman planlanıyor?

Türk medyasında yer alan bir habere göre, Türkiye’nin yurt dışı uçak seferlerini başlatma tarihleri belli olduğu iddia edildi. Resmi olmayan bu bilgilere göre, Türkiye’den...

Akylly däl, mehaniki sagat

“Xiaomi” kompaniýasy güýçli depginler bilen özüniñ täze enjamlaryny öndürmegini dowam edýär. Bu kompaniýa "Twenty Seventeen Skeleton Tourbillion Mechanical Watch" atly mehaniki turbiýon sagadyny tanyşdyrdy. Sagatda...

6G ulgamyny öwrenýär

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyñ ýolbaşçysy Leý Szun soñky söhbetdeşlikleriniň birinde 5G ulgamyna has köp möçberde maliýe serişdelerini sarp edýändigini we häzirki wagtda 6G aragatnaşyk ulgamynyñ...

Howa barha arassalanýar

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýäde dowam edýän karantin çäreleri sebäpli, 2020-nji ýylda Ýeriň atmosferasyna CO2 zyňyndylary 2,6 Gt azaldy. Bu bolsa, adamzadyň senagat önümçilik...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Howa demirgazykda 30 derejä çenli maýlady

Arktika yklymynda howa heniz görlüp-eşidilmedik derejede gyzýar. Yklymyň käbir ýerlerinde howanyň maýyllyk derejesi 30 gradusa çenli ýetýär. Bu hakynda «Daily Mail» neşiri habar berýär. Alymlaryň...

Türkmenistan-Owganystan-Azerbaýjan arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli, doganlarça salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde...

Bahçeşehir Uniwersiteti: Sanawdaky Ýokary okuw jaýy

Türkmenistanly ýaşlar tarapyndan Türkiýede bilim almak üçin iň köp saýlanýan ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Bahçeşehir uniwersitetinde bilim almak üçin Stambul şäherinde ýerleşýän “Atavatan Danışmanlık...

Aşgabat şäherinde gurluşygy alnyp barylýan binalar

Şu gün ýagny, 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni bellenilýär. Şu gün şeýle hem  «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergisi öz işine başlaýar....