No menu items!
8.9 C
Istanbul
29/05/2020 4:43
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR «Maryazot» : Rus kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk

«Maryazot» : Rus kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew «Maryazot» önümçilik birleşiginiň önümçilik desgalaryny maýa goýumlaryny çekmek arkaly düýpli abatlamak we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde hasabat berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmek ugrundaky işleriniň netijesinde, ýurdumyzda täze, iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan himiýa kärhanalary gurulýar, ozalky hereket edýänleriniň durky täzelenilýär we düýpli kämilleşdirilýär.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Maryazot” önümçilik birleşiginiň önümçilik kuwwatlylygy ýylda 450 müň tonna ammiak selitrasyny öndürmäge niýetlenendigi barada habar berildi. Kärhana ammiak öndürýän iki sany sehden ybaratdyr. Tehnologik enjamlaryň könelendigi bilen baglylykda, önümçilik birleşigini taslama kuwwatyna çykarmak üçin onuň esasy önümçiliklerini düýpli abatlamak we döwrebaplaşdyrmak zerurdyr.

Russiýa Federasiýasynyň kompaniýalarynyň maýa goýum serişdeleri çekiler

Bu işleri Russiýa Federasiýasynyň kompaniýalarynyň maýa goýum serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak barada 2019-njy ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň 11-nji mejlisiniň teswirnamasynda göz öňünde tutuldy.

Russiýa Federasiýasynyň birnäçe paýdarlar jemgyýetleriniň teklipleri giňişleýin öwrenildi hem-de azotly dökünleri öndürýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmakdaky uly tejribesi göz öňünde tutulyp, bu taslama maksada laýyk hasaplanyldy. Bu kompaniýalaryň wekilleri “Maryazot” önümçilik birleşiginde bolup, önümçilik desgalarynyň ýagdaýy bilen ýerinde tanyşdylar hem-de olary taslama kuwwatlylygyna çykarmak üçin mümkinçilikleriň bardygy barada deslapky çaklamany berdiler.

Rus kompaniýalarynyň tekliplerine laýyklykda, ammiak çig malyny, azot kislotasyny, ammiak selitrasyny öndürýän sehleri, suwy himiki taýdan arassalaýan desgasyny hem-de beýleki kömekçi desgalary tehnologik enjamlar we ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edip, kärhanany düýpli abatlamak we döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Bu işleriň ýerine ýetirilmegi ammiak selitrasynyň daşary ýurtlardan satyn alynmagynyň zerurlygyny aradan aýrar, kärhanany taslama kuwwatlygyna çykarmaga hem-de azotly mineral dökünleriň täze görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berer.

Russiýa Federasiýasy biziň strategiki hyzmatdaş

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hödürlenen teklipleri makullady hem-de Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm taslamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini nygtady.

Russiýa Federasiýasy biziň strategiki hyzmatdaşymyz. Häzir biziň ýurtlarymyz geçen ýyllaryň üstünlikleri hem-de öňde duran ilkinji derejeli wezipeler nazara alnyp, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny kesgitlemäge oýlanyşykly çemeleşýändigini görkezýärler diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň işiniň eýeleýän oňyn ornuny belledi.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň ýokary ösüş depgini ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň uly kuwwata eýedigine şaýatlyk edýär.

2030-njy ýyla çenli ýurdy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnama laýyklykda, Türkmenistan rus hyzmatdaşlardan zerur gurluşyk serişdelerini, tehnikalary, enjamlary satyn alýar, Russiýanyň bolsa ýurdumyzda öndürilýän önümleri satyn almaga gyzyklanmasy barha artýar hem-de dünýäniň şonuň ýaly önümlerine mynasyp bäsdeş bolup bilýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa bu bilelikdäki toparyň işini utgaşdyrmagy tabşyrdy.

Ahal welaýaty boýunça taslamalar

Şeýle hem Ş.Durdylyýew “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde içerki we daşarky agyz suw, suwaryş, lagym, ýagyn suw, ýapyk drenaž geçiriji ulgamlary we sil suwlaryny sowujy akabany hem-de ýollary gurmak hakynda” Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de onda kesgitlenen wezipeleri takyk durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkiye’den Türkmenistan’a uçuşlar ne zaman planlanıyor?

Türk medyasında yer alan bir habere göre, Türkiye’nin yurt dışı uçak seferlerini başlatma tarihleri belli olduğu iddia edildi. Resmi olmayan bu bilgilere göre, Türkiye’den...

Akylly däl, mehaniki sagat

“Xiaomi” kompaniýasy güýçli depginler bilen özüniñ täze enjamlaryny öndürmegini dowam edýär. Bu kompaniýa "Twenty Seventeen Skeleton Tourbillion Mechanical Watch" atly mehaniki turbiýon sagadyny tanyşdyrdy. Sagatda...

6G ulgamyny öwrenýär

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyñ ýolbaşçysy Leý Szun soñky söhbetdeşlikleriniň birinde 5G ulgamyna has köp möçberde maliýe serişdelerini sarp edýändigini we häzirki wagtda 6G aragatnaşyk ulgamynyñ...

Howa barha arassalanýar

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýäde dowam edýän karantin çäreleri sebäpli, 2020-nji ýylda Ýeriň atmosferasyna CO2 zyňyndylary 2,6 Gt azaldy. Bu bolsa, adamzadyň senagat önümçilik...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Çempionat tazeden başlaýar

Koronawirus pandemiýasy sebäpli wagtlaýyn saklanylan Portugaliýa futbol çempionaty 3-nji iýunda resmi taýdan täzeden başlar. Bu barada liganyň metbugat gullugy habar berdi. Ýaryş mart aýynda wagtlaýyn...

Robotlar koronowirusa garşy göreşer

Afrika yklymynda ýerleşýän Ruanda döwletinde koronowirusa garşy göreşe robotlar hem çekiler. Hökümet bu barada eýýäm kesgitli karar hem kabul etdi. Aýdylyşyna görä, mundan beýläk...

Türkmenistan we Türkiýe : telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, mukaddes Oraza baýramy...

Gaýnag suwuň peýdalary

Her gün azyndan 2 litr suw içmegiň saglyk üçin iňňän uly peýdasynyň bardygyny lukmançylyk ylmy bireýýäm subut etdi. Eýsem, suwy gaýnadyp içmegiň saglygymyza nähili...