20/01/2021 22:04
Home YKDYSADYÝET «Malaý» känindäki gaz gysyjy bekedi ulanmaga taýýar

«Malaý» känindäki gaz gysyjy bekedi ulanmaga taýýar

Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň ilkinji wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi bilen halkara ähmiýetli birnäçe infrastruktura desgalaryny ulanyşa girizmäge taýýarlamak meselelerini maslahatlaşyldy. Bu barada “oilgas.gov.tm” internet neşirinde hem bellenilip geçilýär.

Ulanyşa girizmäge taýýar edilen desgalaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Malaý gaz känindäki gaz gysyjy bekedi, Akina-Andhoý demir ýol şahasy, Ymamnazar-Akina, Mary welaýatyndaky Serhetabat-Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, Kerki elektrik bekedinden türkmen-owgan serhedine çenli elektrik geçiriji ulgamlary bar.

Bu ulanmaga taýýar edilýän desgalaryň hataryndaky Malaý känindäki gaz gysyjy bekedini gurmak boýunça taslamany «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda «Petro Gas LLP» britan kompaniýasy amala aşyrdy. Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti 2018-nji ýylyň 22-nji awgustynda gol çekdi. Onuň kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr gaza barabardyr.

Malaý — Türkmenistanyň iri gaz känleriniň biri bolup, bu ýerde ençeme ýyllardan bäri tebigy gazy netijeli çykarmak işi alnyp barylýar. Türkmenistan — Hytaý döwletara gaz geçirijisine «mawy ýangyjy» ibermek işi hem hut şu känden amala aşyrylýar.

Bu infrastruktura desgasyny gurmak boýunça «Türkmengaz» DK bilen «Petro Gas LLP» kompaniýasynyň arasynda şertnama türkmen tebigy gazynyň eksportyny artdyrmak maksady bilen baglaşyldy. Täze gazkompressor desgasynyň ulanyşa girizilmegi «mawy ýangyjyň» eksport möçberlerini artdyrmaga ýardam eder.

Okap bilersiňiz  Türkmenistan’da Almanya Ekonomi Günü düzenlenecek
Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň ilçisi wezipesine girişdi

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

IŇ TÄZE HABARLAR

“UFC” guramasyndan baýraga mynasyp boldy

Başa-baş söweş sungaty boýunça russiýaly txrgen Habib Nurmagomedow, UFC guramasy tarapyndan 2020-nji ýylyň “Iň gowy bogmak emeli” diýen baýragyna mynasyp boldy. Türgen öz ýürek...

Germaniýada örtügiň ornuna…

Ýewropada we Ýer ýüzüniň beýleki yklymlarynyň käbir döwletlerinde koronowirus keseliniň täze, has ýiti akymynyň ýaýramagy bilen, öňüni alyş çäreleri has güýçlendirilýär. Bu güýçlendirmeler Germaniýada...

Günorta koreýaly futbolça bagyşlanan film

Angliýanyň “Tottenhem” futbol toparynyň tälimçilik wezipesine Žoze Mourinýo bellenenden soňra, günorta koreýaly hüjümçi Son Hyn Miniň futbol karýerasyny ösüşlere tarap ugur aldy. Häzirki wagtda...

«Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberini artdyrdy

2020-nji ýylyň 9 aýynda «Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberlerini 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,2 mlrd kub metre çenli artdyrdy. Muňa...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.
Okap bilersiňiz  Ibragimowiç futbol ýoluny tamamlap biler
Bu köpçülikleýin sanjym etmek işine...

Türkmenistandan Owganystana halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy çekildi

Şu gün, Kerki – Şibergan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi we Akina-Andhoý beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýolunyň açylyş dabarasynyň dowamynda...

«Malaý» gaz känindäki gaz gysyjy desgasy işe girizildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşen «Malaý» gaz känindäki gaz gysyjy desgasyny işe girizmek dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümetiniň...

Edepli Ile Ýarar

Mahlasy, her birimiziň durmuşynda her dürli häsiýetli adamlar gabat gelýän bolsa gerek. Wagty tygşytly tutmak iň bir gowy häsiýetleriň biri bolmagynda galýar. Her bir...