8.9 C
Istanbul
06/07/2020 8:26
Home IŇ TÄZE HABAR Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa Işewürler Geňeşi döredildi

Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa Işewürler Geňeşi döredildi

2020-ni ýylyň 29-njy iýunynda Koreýanyň Halkara Söwda Assosiasiýasynyň, «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň, şeýle  hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Onlaýn görnüşde geçen duşuşygyň işine Koreýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary,  «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň başlygy, Koreýanyň Halkara Söwda Assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik missiýalaryň wekilleri we Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň maksady Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat. Munuň çäklerinde taraplar Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Işewürler Geňeşini döretmek barada koreý tarapynyň başlangyjyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy hem çykyş etdi. Öz çykyşlarynda Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary ýurtlaryň arasynda köptaraplaýyn we ynamly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek, işewürleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, ähli ugurlar boýunça, şol sanda arbitraž, syýahatçylyk we senagat taslamalaryny amala aşyrmak meselelerini öňe sürdüler.

Duşuşygyň ahyrynda «Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa Işewürler Geňeşini» döretmek hakyndaky Ähtnama elektron görnüşinde gol çekildi.

IŇ TÄZE HABARLAR

Süleýman Demirel Uniwersiteti : Attestat bilen Synagsyz okuwa girmek

Süleýman Demirel uniwersiteti attestat bahalaryň netijesine görä synagsyz ýokary okuw jaýyna kabul edýär. Türkiýäniň öňki Prezidenti Süleýman Demireliň adyny göterýän bu Uniwersitet Isparta şäherinde...

AHAL WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Türkmen milli saz gurallary. Kirişli saz gurallary. Üflenip we kakylyp...

MARY WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Buhgalterçilik hasaba alnyşy. Maliýe we karz. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş. ...

AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI SYÝAHATÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Myhmanhana hyzmatlary. Syýahatçylyk hyzmatlary. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (syýahatçylyk pudagynda). Jemgyýetçilik...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi

  2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Po­lig­ra­fi­ýa önüm­çi­li­gi. Teh­no­lo­gi­ki pro­ses­le­riň we önüm­çi­lik­le­riň aw­to­ma­ti­za­si­ýa­sy (pu­dak­lar bo­ýun­ça)....

Şa serpaýly medeniýet we sungat işgärleri

Ýakynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli döredijilik işgärleriniň birnäçesine hormatly atlar dakyldy we Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” atly...

Mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişdeler

Ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynda her etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga serişdeleri hökman göz öňünde tutmaly diýip, milli Liderimiz nygtady. Döwlet...

2020 :Ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul edişlik

Ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek işi başlaýar. Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz degişli Buýruga gol...