25/01/2021 23:01
Home YKDYSADYÝET Hytaýa iberilýän türkmen tebigy gazynyň möçberi artdyrylýar

Hytaýa iberilýän türkmen tebigy gazynyň möçberi artdyrylýar

Howanyň sowamagy bilen Merkezi Aziýadan Hytaý Halk Respublikasyna iberilýän tebigy gazyň möçberi artdy, täze ýylyň ilkinji günleri ol ilkinji gezek bir gije-gündiziň dowamynda 100 million kubmetre barabar boldy. Ozalkysy ýaly, “mawy ýangyjyň” esasy möçberi döwletara energetika ulgamyna Türkmenistanyň gaz känlerinden gelip gowuşýar. Bu barada “www.ussatnews.com” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

Bu barada habar bermek bilen, “Sinhua” habarlar agentligi we beýleki habar beriş serişdeleri Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gazgeçirijisiniň eýýäm 11 ýyl bäri durnukly işläp gelýändigini belleýärler. Günbatar turbageçiriji kompaniýasynyň (Western Pipeline Company) maglumatlaryna görä, geçen ýyl Merkezi Aziýadan tebigy gazyň 39 milliard kubmetre golaýy iberildi. 2009-njy ýylda gazgeçirijiniň işe girizilen pursatyndan bäri bolsa, ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň iberilen umumy mukdary 336 milliard kubmetrden hem geçdi.

Bu gazgeçiriji Merkezi Aziýa ýurtlaryny we Hytaýy baglaýan strategik taýdan möhüm energetika ulgam bolup durýar. Ol ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup, onuň durnukly işlemegi Hytaýyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de ekologiýa taýdan arassa “ýaşyl” ösüşe geçmäge ýardam etmek üçin uly ähmiýete eýedir.

Okap bilersiňiz  ,,Söýgi ýaşaýyşdyr- Söýgi durmuşdyr"

Merkezi Aziýadan gelip gowuşýan gaz HHR-niň welaýatlarynyň we awtonom etraplarynyň 27-ine, şeýle hem Gonkongyň ýörite dolandyryş etrabyna iberilýär, olarda ilatyň sany 500 million adamdan hem geçýär.

Okap bilersiňiz  “Bawariýa” – Ýewropanyň şasy

Häzir Türkmenistanda halkara ulgamyň çig mal binýadyny berkitmek hem-de düzümini ösdürmek boýunça işler dowam edýär.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Okap bilersiňiz  “Apple” “Spaces” kompaniýasyny satyn aldy

IŇ TÄZE HABARLAR

Lempardyň tälimçiligi tamamlandy

Angliýanyň “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi Frenk Lempard wezipesinden boşadyldy. Bu barada toparyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Bu toparyň düzüminde oýnap, ençeme kuboklary gazanan 42...

Bilim-ösüşiň çeşmesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de bu pudagyň binýatlyk esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdyň...

Döwlet muzeýinde sergi geçiriler

Türkmenistanda bellenilýän şanly senelere Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem öz goşandyny goşýar. Muzeý 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy mukaddesdir»...

Türkmenistanly talyplara Hindistandan teklip

Türkmenistanly talyplara Hindistanda hereket edýän bilim maksatnamalarynyň ikisi boýunça okamak teklip edilýär. Olar Hindi tehniki  we ykdysady hyzmatdaşlygy (ITEC) we Hindi medeni geňeşiniň (ICCR) maksatnamalarydyr. Bular...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistan halkara ýaryşlara taýýarlyk görýär

Döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherjiginde halkara ýaryşlara görülýän taýýarlyk işleri barada gyzyklandy. Milli Liderimiz welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň üsti ýapyk...

“Tesla-nyň” hytaýly bäsdeşi ulagyny tanyşdyrdy

ABŞ-nyň “Tesla” kompaniýasy ýaly ulaglary öndürýän Hytaýyň “Xpeng” şereketi täze awtonom hereket edýän ulagyny tanyşdyrdy.
Okap bilersiňiz  Türkmenistanda milli söwda nyşanly telewizorlar öndüriler
Özbaşdak zolak üýtgedip hem-de tizligini ýokarlandyyp, peseldip bilýän “P7” ulagy...

Türk Geňeşi türkmen-azerbaýjan ylalaşygyna ýokary baha berdi

Türk Geňeşi Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen...

Mesut Öziliň transferi amala aşdy

Angliýanyň "Arsenal" toparynda çykyş eden asly türk bolan Germaniýanyň raýaty Mesut Özil resmi ýagdaýda Türkiýäniň "Fenerbahçe" toparyna geçdi. Özil bilen türk toparynyň arasynda 3,5...