30/10/2020 12:58
Home YKDYSADYÝET HPG we Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

HPG we Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara walýuta gaznasynyň we Bütindünýä bank toparynyň wekilleri bilen onlaýn tertibinde duşuşyk geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň geljekki möhüm ugurlary we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn duşuşygynda birnäçe ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garaldy. Hususan-da, ählumumy ykdysadyýetde emele gelen ýagdaý we COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek bilen baglylykda geljekki meýilnamalar barada maglumatlar beýan edildi.

Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça wise-prezidenti hanym Anna Beýerde hem-de Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory hanym Liliýa Burunçuk bilen bolan wideomaslahatyň dowamynda koronawirus ýokanjyna garşy göreşmegiň guralyny işläp taýýarlamak maksady bilen Türkmenistany maliýeleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diýarymyzyň energetika, ulag ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, ähli düzümlere döwrebap maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, oba hojalygy bilen baglanyşykly pudaklary ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn geljek üçin kesgitlän esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda gök, bakja we miwe önümçiligini ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek babatda pikir alyşma boldy.

Okap bilersiňiz  Hytaýda ýylyň smartfony saýlanyldy

Hususy pudagyň wekilleriniň taslamalaryna goldaw bermek ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bütindünýä banky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bu ugurda bar bolan kuwwaty nazara alyp, türkmen tarapyna Doing Business (işewürligi alyp barmak) taslamasynyň soňky derejesi we oňa goşulmagyň ýagdaýy barada maglumat berdi.

Okap bilersiňiz  İMF: Türkmenistan istikrarlı bir büyüme gösteriyor

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  Türkmen-Afgan Ortak Basın Açıklaması

IŇ TÄZE HABARLAR

Iň owadan zenan Julia Robertsiň filmleri

Owadan ýylgyryşy bilen meşhurlyga eýe bolan Golliwudyň iň owadan zenanlaryndan biri Julia Roberts karýerasynyň dowamynda köp sanly filmde surata düşdii. 90-njy ýyllary Riçard Giriň...

Ertirlik üçin ýeralmaly peýnirli tagam

Mähriban okyjylar, men bu gezek size ertirlik üçin taýýarlanyşy aňsat we öýüňizde bar bolan zatlar bilen datly tagamyň taýýarlanylyşyny öwretmekçi. Munuň üçin gerekli önümler: 4...

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Okap bilersiňiz  Türkmenistan’ın kimya sanayi hızla gelişiyor
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar...

Gadymy söýgi haty

Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistan otly we şäherara awtobus gatnawynda täze möhlet

Türkmenistana ýiti ýokan keselleriň gelmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen käbir çäklendirmeler dowam edýär. Şeýle çäklendirmeleriň esasynda ýolagçylara hyzmat edýän otly hem-de şäherara...

Lawaşa dolanan börek

Türk aşhanasynyň ýene bir ýüz öwrüp bolmajak tagamlarynyň biri hem lawaşa dolanan türk böregidir. Böregiň taýýarlanyşy barada gyzyklanýan bolsaňyz gerek. Bu gezek men size...

2021-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti kabul edildi

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty boldy. Maslahata gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar...

Okuw Ulgamyndaky Häzırkı Sapaklar

Salam gadyrly okyjylar! Salam hormatly mugallymlar we talyplar! 2020-2021-nji okuw ýylyňyz gutly bolsun! Täze okuw ýylynda bilim ulgamyndaky işgärlere, mugallymlara, talyplara saglyk we üstünlik arzuw edýärin. Takmynan ýarym...