No menu items!
8.9 C
Istanbul
05/04/2020 6:19
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Gyzylgaýa demir magdanlarynyň ýataklarynda tehnologiýa synaglary geçiriler

Gyzylgaýa demir magdanlarynyň ýataklarynda tehnologiýa synaglary geçiriler

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Şonda  “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy ýurdumyzda metallurgiýa zawodyny gurmak üçin ýerli çig mal gorlaryny anyklamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde demir magdanlaryna geçirilen geologiýa-gözleg işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, korporasiýanyň hünärmenleri Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa demir magdanlarynyň ýataklaryndan demir magdanlarynyň maddy we himiki düzümini, mineralogiýasyny, giňişlik hem-de çuňluk çäklerini barladylar. Barlagyň netijesinde, gorlaryň ýerleşýän çuňlugynyň 120-160 metre barabardygy we himiki düzüminde demir okisiniň ortaça 20 göterime deňdigi anyklanyldy.

Milli Liderimiz senagat pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geljegi uly känlerini ýüze çykarmak maksady bilen, geologiýa-gözleg işlerini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Soňra senagat we gurluşyk önümçiligi ministri hasabaty dowam edip, Gyzylgaýa demir magdanlarynyň ýataklarynda tehnologiýa synaglaryny geçirmek üçin Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda ministrliginiň I.P.Bardin adyndaky Merkezi gara metallurgiýa ylmy-barlag instituty bilen metallurgiýa önümçiliginde onuň amatlylygyny kesgitlemek maksady bilen, degişli işleri alyp barmak üçin teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de hödürlenen teklipleri makullap, köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi bilen berkidilen türkmen-russiýa gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Milli Liderimiz ähli ulgamlarda netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, munuň geljekde hem Türkmenistanyň we Russiýanyň milli bähbitlerini hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen özara bähbitli esasda guraljakdygyny belledi.

SON HABERLER

Aliment tölemekden boşadylyp bilinýärmi?

Aliment tölemekden boşatmak ýa-da olar boýunça berginiň azaldylmagy diňe kazyýetiň çözgüdi esasynda geçirilýär. Eger kazyýet aliment töleýäniň näsaglygy sebäpli ýa-da esasly başga sebäplere görä aliment...

Aliment tölemek hakynda şertnama haýsy tertipde baglaşylýar?

Aliment tölemek hakynda şertnama aliment tölemäge borçly adam bilen ony alýan adamyň arasyndaky meýletin ylalaşyk boýunça, aliment tölemäge borçly adamyň ýa-da aliment alýanyň kämillik...

Döwlet kömek pullarynyň nähili görnüşleri bellenilýär?

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 55-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, Türkmenistanda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça, çaga doglanda...

Döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin haýsy edara ýüz tutmaly?

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 67-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda, döwlet kömek pullarynyň bellenilmegi üçin (muňa wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

ÇOK OKUNANLAR

Kakama Gowuşmadyk Hatlar

Kaka, soňky günler sabrym ýetenok, Garaşmaga, göreşmäge, ýeňmäge. Umydymy baýdak edip gezsemde, Haýry ýetmez gussalarmy kemmäge.

Geografyň gutlagy

Hormatly “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň okyjylary we bäsleşige gatnaşýanlar! Siziň hemmäňize bäsleşikde uly üstünlikler ýar bolsun, galamyňyzyň ujy ýiti bolsun!

Huşum birýana

Aşyk bolup öz obamyň gözelne, Aklym haýran gitdi, huşum birýana, Janym gurban geljegine, ezelne, Gamym birýan gitdi, joşum birýana.

Bagyşla diýmäge derek

Yşk ýüpüni üzäýjekmi, Ýürekden söýmäge derek? Aýralyga dözäýjekmi, «Bagyşla» diýmäge derek?