25/01/2021 21:56
Home YKDYSADYÝET ECO-93 benzininiň eksporty 2 esseden gowrak artdy

ECO-93 benzininiň eksporty 2 esseden gowrak artdy

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ECO-93 söwda belgili benziniň eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,3 esse ýokarlandy. Bu barada “oilgas.gov.tm” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

Tebigy gazdan benzini senagat taýdan öndürýän dünýädäki ilkinji zawod 2019-njy ýylyň başynda Ahal welaýatynda ulanylyşa girizildi. Zawod her ýyl EURO-5 standartyna laýyk gelýän 600 müň tonna ekologiýa taýdan arassa sintetik ECO-93 benzini öndürmäge ukyply.

2020-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda zawod tebigy gazdan benziniň öndürilişini 3,6 esse ýokarlandyrdy.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli dünýä söwdasyndaky kynçylyklara garamazdan, «mawy ýangyçdan» türkmen benzinini Beýik Britaniýa, Daniýa, Bolgariýa, Gruziýa, Russiýa, Özbegistan, Owganystan ýaly dünýäniň onlarça döwleti satyn alýar.

Belläp geçsek, türkmen tebigy gazyndan benzin ulanylanda kükürt oksidiniň zyýanly zyňyndylary 50 esse, azot oksidi – 5 esse, uglerod oksidi – 2 esse, uglewodorod – 20%-e çenli azalýar.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Lempardyň tälimçiligi tamamlandy

Angliýanyň “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi Frenk Lempard wezipesinden boşadyldy. Bu barada toparyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Bu toparyň düzüminde oýnap, ençeme kuboklary gazanan 42...

Bilim-ösüşiň çeşmesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de bu pudagyň binýatlyk esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdyň...

Döwlet muzeýinde sergi geçiriler

Türkmenistanda bellenilýän şanly senelere Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem öz goşandyny goşýar. Muzeý 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy mukaddesdir»...

Türkmenistanly talyplara Hindistandan teklip

Türkmenistanly talyplara Hindistanda hereket edýän bilim maksatnamalarynyň ikisi boýunça okamak teklip edilýär. Olar Hindi tehniki  we ykdysady hyzmatdaşlygy (ITEC) we Hindi medeni geňeşiniň (ICCR) maksatnamalarydyr. Bular...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Telefon önümçiligini bes etmekçi

Bir döwürlerde mobil bazarynda gowy netijeleri görkezen Günorta Koreýanyň “LG” kompaniýasy telefon önümçiligini bes etmei meýilleşdirýär. Bu ugurda öz ýurdunyň “Samsung” hem-de hytaýly telefon...

Harby mekdepleri okuwa çagyrýar

Ýurdumyzyň “Türkmenistan” gazetinde harby mekdeplere okuwa kabul edişlik barada bildiriş çap edilipdir. Hususan-da şol bildirişde şeýle diýilýär.
Okap bilersiňiz  Maksadaokgunly Esetler kimler
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine 2021-2022-nji okuw...

Türkmenleriň el hünärleriniň döremegi we olaryň aýratynlygy

Agajy işläp bejermek sungaty. Senetçiligiň asyrlar içre arzylanyp gelnen kämil görnüşleriniň biri neçjarçylykdyr. Türkme halkynyň agaçdan ýasalýan owadan önümleri hem milli sungatymyzyň gadymdan gelýän...

“Galaxy Note” telefonunyň önümçiligini bes etmekçi

Günorta Koreýanyň meşhur “Samsung” kompaniýasy her ýyl özüniň täze tehnologiýalary bilen adamlary begendirip durýar. Her täze ýylyň başynda kompaniýa täze “Galaxy S” görnüşini hödürleýär,...