27/11/2020 10:11
Home YKDYSADYÝET Dünýäniň iň uly erkin söwda zolagy döredildi

Dünýäniň iň uly erkin söwda zolagy döredildi

Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň birleşiginiň ýurtlarynyň (ASEAN) mejlisi Wýetnamyň Hanoý şäherinde geçirildi. Oňa dünýäniň birnäçe ýurdunyň ýolbaşçylary wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Şol sammitiň çäklerinde, Günorta-Gündogar Aziýa Assosiasiýasynyň düzümine görýän 10 ýurduň, şeýle hem Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Günorta Koreýanyň, Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň arasynda sebit ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekildi.

Şeýlelikde dünýäniň iň uly erkin söwda zolagy döredildi. Bu ylalaşygyň gazanylmagyny BMG-niň Baş Sekretary Antonio Guterreş hem ýokary baha berdi. Bu resminama, takmynan 2,2 milliard dollar bilen dünýäniň iň uly erkin söwda zolagyny döreder.

Erkin ykdysady zolagyň döredilen sebitinde takmynan 2 milliard 200 million adam ýaşaýar. Ýurtlaryň jemi ieçerki önüminiň bahasy 28 trillion dollara deňdir. Ol hem dünýäniň umumy içerki önüminiň 32 göterime deňdir.

Ylalaşyga gatnaşýan taraplaryň pikirine görä, olar henizem Hindistanyň olara goşulmagyna garaşýarlar.

Hünärmenleriň bellemegine görä, 2050-nji ýyla çenli sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşan ýurtlaryň jemi içerki önümi 100 trillion dollara çenli artyp biler.

Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň birleşigi 1967-nji ýylda esaslandyryldy we häzirki wagtda Günorta-Gündogar Aziýanyň ähli ýurtlaryny birleşdirýär: Bruneý, Wýetnam, Indoneziýa, Kamboja, Laos, Malaýziýa, Mýanma, Singapur, Taýland we Filippinler.

Okap bilersiňiz  Türk kompaniýasyna täze taslama ynanyldy
Okap bilersiňiz  “Instagram” jemgyýetçilik torunyň meşhurlary

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

IŇ TÄZE HABARLAR

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

Hormatly Pezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäherinde welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek babatda degişli resminama kabul edildi. Halklaryň arasynda dost-doganlygy,...

Nebit guýylarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçiligine ornaşdyrmak arkaly nebit guýylarynyň önüm berijiligini...

Banklardan karzlary onlaýn almagyň tertibi ýola goýlar

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady...

Döwürleýin neşirleriň elektron ulgama geçmegi çaltlandyrylar

Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Horasanyň tutýan territoriýalary

“Horasan Ýurdunyň Geçmişinden” atly makalamyza dowam edýäris. Özünden ozalky taryhçylaryň, geograflaryň synlaryny ýatdan bilen alym Horasanyň 4 bölege bölünýändigini teswirleýär:
Okap bilersiňiz  “Türkmen Kimya” Devlet Holdinginden Uluslararası İhale İlanı
Iranşahr-özüne Nyşapur, Kuhistan, Tabaseýn,...

Hoş habar: ýokanç kesel ýok edildi

Kongo Demokratik Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrligi ebola epidemiýasyndan üstün çykylandygyny yglan etdi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan berilýän maglumata görä, soňky bäş aýyň içinde bu...

“Google” kompaniýasy Hindistana aralaşýar

“Google” kompaniýasy Hindistanda hereket edýän “ShareChat” sosial media platformasyny satyn alar. “Economic Times” metbugatynyň habaryna görä, “Google” kompaniýa “ShareChat” sosial media platformasyny 1 milliard...

“Xiaomi” kompaniýasy Hindistanda öňdeligi bermeýär

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy, Hindistanda baýramçylyk satuwynda 13 milliondan gowrak enjam satandygyny, şolardan 9 milliony akylly telefondygyny mälim etdi. “Realme” kompaniýasy bolsa şol döwürde 8,3...