28/11/2020 15:04
Home YKDYSADYÝET “Commerzbank”: Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

“Commerzbank”: Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Germaniýanyň “Commerzbank” bankynyň Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky şahamçasynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Germaniýanyň “Commerzbankynyň” şahamçasynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn gepleşiklere Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň hem-de Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, GFR-iň we umuman, Ýewropanyň maliýe toparlarynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli maliýe-bank ulgamyny pugtalandyrmak boýunça görülýän netijeli çärelere ýokary baha berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, serişdeleriniň mukdary boýunça ikinji orunda bolan Germaniýanyň bu bankynyň wekilleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan makroykdysady özgertmelerini hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny nazara alyp, türkmen banklary bilen mundan beýläk-de gatnaşyk etmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýewropanyň iri bank konserniniň wekilleri tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşinde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornuny nygtap, Türkmenistanyň gülläp ösüş we rowaçlyk ýoly bilen has-da üstünlikli öňe ilerlemegini gazanmak maksadynda “Commerzbankyň” däp bolan netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdylar.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Okap bilersiňiz  BSGG halkara karantin çärelerini üç aý uzaltdy
Okap bilersiňiz  Ulag ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy

IŇ TÄZE HABARLAR

“Square” 3 günde üç rekord goýdy

Amerikanyň “Square” maliýe hyzmatlary kompaniýasyny 2009-njy ýylda “Twitter” jemgyýetçilik toruny esaslandyran Jek Dorsi we Jim MakKelwi tarapyndan döredildi. 2020-nji ýylda bu kompaniýanyň paýnamasy birden...

Döwürleýin neşirlere diňe pensionerler ýazylyp bilýärler

Kagyz görnüşindäki gazetleriň we žurnallaryň döwri kem-kemden geçmişe öwrülip barýar. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistandaky gazet-žurnallary abunaçylar elektron görnüşinde okap başlarlar.  Kagyz görnüşindäki gazet-žurnallara...

Türkmen Edebiýatynda “Mugallym” Düşünjesi

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris.
Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň nebit önümçiligi
Giriş ýerine: Türkmenlerde “ataly-ogul” düşünje talantlylygy, pähim-paýhas ussatlygy bilen baglanyşykly soňky döwre degişli halkara derejesinde nusga görkezilip...

Sagdyn bolmak üçin maslahatlar

Gyş günleriniň golaýlamagy bilen ilat arasynda ýiti respirator keselleriniň ýüze çykmalary has köpelýär. Onuň näsag adamdan daş-töweregindäkilere örän tiz we aňsatlyk bilen ýokuşýandygyny bellemek...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Balkan welaýatynyň baş metjidi açyldy

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Balkanabat şäherinde welaýatyň baş metjidi guruldy. Milli Liderimiz ýaşulylar bilen bilelikde...

Syýahatçylar çäklendirmelerden azat

Türkiýede daşary ýurtly syýahatçylar dynç alyş günleri üçin girizilen köçä çykmak gadagançylygyndan azat edildi. Olar ýerli raýatlaryň öýde oturmaly wagtynda kireýine alan ulaglary bilen...

“Mugallymyň sözi” goşgusyndaky düşünjeler hakynda gysgajyk maglumat

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. Biz geçen bölümimizde Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasyndaky “Mugallymyň beren sözi” düşünjesi hakynda garaýyşlarymyzy gysgajyk beýan edipdik....

BMG – Türkmenistan: dostlukly gatnaşyklar

Bilşimiz ýaly, döwletleriň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkara hukugynyň çeşmeleriniň umumy görnüşine degişli bolup durýan halkara şertnamalar bilen bir hatarda, şol döwletiň milli hukuk namalarynda...