No menu items!
8.9 C
Istanbul
29/05/2020 5:03
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Bugdaý oragynda däne ýygýan kombaýnlaryň 2220-si işlär

Bugdaý oragynda däne ýygýan kombaýnlaryň 2220-si işlär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew  Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Şu günler gowaçalaryň ilkinji hatarara bejergi işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýändigi, ýekelemek we otag işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi. Şol bir wagtda, bugdaý oragyna taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy.

Orak möwsüminiň başlanylmagyna çenli galla kabul ediş bölümleriniň 156-syny möwsüme taýýarlamak boýunça çäreler görülýär. Şu ýyl bugdaý oragynda däne ýygýan kombaýnlaryň 2 müň 220-sini işletmek meýilleşdirilýär. Däne ýygýan kombaýnlar mehanizatorlaryň 4 müň 440-sy tarapyndan iki çalşykda işlediler. Göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar we ýangyç daşaýan awtoulaglar bilen üpjün edilen sazlaýjy-abatlaýjy toparlaryň 460-sy döredildi.

Şeýle hem ýygnaljak bugdaý hasylyny galla kabul ediş bölümlerine, elewatorlara we ammarlara daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň 11 müň 100-sini ulanmak meýilleşdirilýär. Meýdan düşelgelerinde babadaýhanlaryň amatly dynç almagy üçin hemme şertler dörediler, göçme söwdalary guralar.

Wise-premýer «Türkmenistanda 2020-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynyň dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, kärendeçileriň hem-de ekerançylaryň zähmetini höweslendirýän netijeli maliýe-ykdysady gurallaryny ornaşdyrmak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz ýakyn wagtda başlanjak galla oragy baradaky meselä geçip, oragyň guramaçylykly geçirilmegine ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Esasy zat ekerançylaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny diňe ýygnap almak däl, eýsem, onuň ýitgisiz daşalmagy, saklanylmagy baradaky aladadyr.

Hormatly Prezidentimiz gallaçy-kärendeçiler üçin möhüm we jogapkärli möwsümiň — galla oragyny gysga möhletde hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde amala aşyrmak, olaryň öndürijilikli zähmet çekmegini üpjün etmek üçin möwsüm döwründe ekerançylara durmuş-medeni hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlaryna, Mejlisiň Başlygyna, wise-premýer B.Abdyýewa degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz gowaçalara ýokary hilli agrotehniki idegiň üpjün edilmeginiň möhümdigi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Kararyň taslamasyna gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de onda bellenilen wezipeleriň öz wagtynda doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada görkezmeleri berdi.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkiye’den Türkmenistan’a uçuşlar ne zaman planlanıyor?

Türk medyasında yer alan bir habere göre, Türkiye’nin yurt dışı uçak seferlerini başlatma tarihleri belli olduğu iddia edildi. Resmi olmayan bu bilgilere göre, Türkiye’den...

Akylly däl, mehaniki sagat

“Xiaomi” kompaniýasy güýçli depginler bilen özüniñ täze enjamlaryny öndürmegini dowam edýär. Bu kompaniýa "Twenty Seventeen Skeleton Tourbillion Mechanical Watch" atly mehaniki turbiýon sagadyny tanyşdyrdy. Sagatda...

6G ulgamyny öwrenýär

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyñ ýolbaşçysy Leý Szun soñky söhbetdeşlikleriniň birinde 5G ulgamyna has köp möçberde maliýe serişdelerini sarp edýändigini we häzirki wagtda 6G aragatnaşyk ulgamynyñ...

Howa barha arassalanýar

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýäde dowam edýän karantin çäreleri sebäpli, 2020-nji ýylda Ýeriň atmosferasyna CO2 zyňyndylary 2,6 Gt azaldy. Bu bolsa, adamzadyň senagat önümçilik...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Bundesliganyň” iň çalasyn futbolçysy

Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparynyñ 21 ýaşly goragçysy Aşraf Hakimi “Bundesliga” çempionatynyñ iñ çalasyn oýunçysy hökmünde kabul edildi. Bu barada “Goal.com” internet neşiri habar berýär. Hakimi...

Nusgalar: Nanolingwistika

Birinji nusga: “1 + 2 = ab”. Türkmen dilinde bu görnüşde bogun galyby ýokdur. Ýöne başga dilden alynma söz bu nusga gabat gelýär. Suw...

Kompaniýanyň ilkinji akylly sagady bolar

“Realme” kompaniýasy hindi alyjylaryna tehnologiýa bazarynda uly gyzyklanma döredýär.  Kompaniýa şeýle amatly mümkinçiliklere ruhlanyp ilkinji akylly sagadyny satuwa çykarmagy meýilleşdIrýär. Täze “Realme Watch” dünýä...

Ýapon kompaniýasy Türkmenistanda dökün öndürer

«Türkmenhimiýa» döwlet konserninde «Sojitz Corporation» ýapon kompaniýasynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirilip, onuň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýapon kompaniýasynyň wekilleri milli Liderimiz...