17/01/2021 4:19
Home YKDYSADYÝET Banklardan karzlary onlaýn almagyň tertibi ýola goýlar

Banklardan karzlary onlaýn almagyň tertibi ýola goýlar

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen müşderilere internet ulgamynyň üsti bilen menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemek, şol sanda ýurdumyzyň banklary tarapyndan raýatlara karzlary resmileşdirmekde sanly ulgamy ulanmak arkaly ýeňillikleri döretmek babatda degişli işler geçirilýär. Bu barada sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda banklaryň resmi internet web saýtlarynda karz almak boýunça bölümçe döredilip, raýatlara karz almak üçin arza bilen ýüz tutmak mümkinçiligini döretmek hem-de arza berlende karzyň görnüşine laýyklykda, talap edýän maglumatlary girizmek teklip edilýär. Girizilen maglumatlar we resminamalar awtomatik usulyndan barlanandan soňra ýüz tutan raýata banka barmaly wagty we öz ýany bilen alyp gelmeli resminamalaryň sanawy barada maglumat berilýär.

Bu hyzmatyň ornaşdyrylmagy bilen banklarda nobatlaryň azalmagyna, karz bermek işleriniň dessinliginiň üpjün edilmegine, ýüz tutmalaryň öz wagtynda seljerilmegine, wagtyň tygşytlanmagyna ýardam berer.

Siz biziň Android ulgamynda işleýän Applikasyýamyzy şu ýere basyp, özüňiziň mobil telefonyňyza ýükläp ähli  habarlary aňsatlyk bilen okap bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  Dünýäniň iň gymmat ýurtlary

Okap bilersiňiz  Çukurova Üniversitesi YÖS sınavı 28 Nisan’da

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmen türgeniniň mynasyp “altyn” medaly

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyla paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilipdi. Bu çempionat köp sanly rekordlar hem-de gazanylan uly sport üstünlikleri bilen...

Meşhur futbolçy karýerasyny tamamlap, tälimçi boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Mançester Ýunaýted” toparynyň meşhur ozalky hüjümçisi, milli ýygyndylarynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçylardan Ueýn Runi futbol karýerasyny tamamlady. Ol...

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.
Okap bilersiňiz  Türkmenistan ile Japonya arasında ilk charter uçuşu başlıyor
Bu köpçülikleýin sanjym etmek işine...

Metbugat ýygnagy: Türkmenistan Owganystany hemmetaraplaýyn goldaýar

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat ýygnagy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanyň daşary...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistandan Indoneziýa gynanç haty

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo “Sriwijaýa Air” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň helekçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köpsanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç...

Dünýäniň äpet kebelegi

Janly tebigatda kebelekleriň müňlerçe görnüşleri bar. Olar dürli reňklere baý bolup, san taýdan örän köp. Şeýle kebelekleriň biri hem Tawus gözli Atlas kebelegi (Attacus...

Birža täzelikleri: 27 geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 27-si baglaşyldy. Gonkongdan, Owganystandan, Özbegistandan gelen işewürler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen...

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri möhüm desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün, 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Akina – Andhoý beketleriniň aralygyndaky demir ýolunyň, Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina...