27/11/2020 10:39
Home YKDYSADYÝET 2021-nji ýylyň nyşany taýýarlanýar

2021-nji ýylyň nyşany taýýarlanýar

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde 2021-nji ýylyň nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Bu ugurda ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan degişli bäsleşik yglan edildi.

“2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak bäsleşigine ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem-de höwesjeň raýatlaryň ençemesi gatnaşdy. Bäsleşige jemi 700-e golaý taslama gelip gowuşdy. Emin agzalary tarapyndan olaryň iň gowylary seçilip alyndy.

Mejlisiň barşyndan nyşanlaryň görnüşleri görkezilip, olarda ulanylan ýazgylaryň hem-de şekilleriň Türkmenistanyň parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine hem-de giň halkara gatnaşyklary, şol sanda medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygynyň öz beýanyny tapmagy nazarda tutulandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz nyşanyň hödürlenen görnüşlerini synlap, olar barada anyk teklipleri aýtdy.

 

Okap bilersiňiz  Ýaşa, ak günleriň göwni galmasyn!

IŇ TÄZE HABARLAR

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

Hormatly Pezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäherinde welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek babatda degişli resminama kabul edildi.
Okap bilersiňiz  Ýandepderçäme ýazanlarymdan..
Halklaryň arasynda dost-doganlygy,...

Nebit guýylarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçiligine ornaşdyrmak arkaly nebit guýylarynyň önüm berijiligini...

Banklardan karzlary onlaýn almagyň tertibi ýola goýlar

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady...

Döwürleýin neşirleriň elektron ulgama geçmegi çaltlandyrylar

Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Mugallymlar güni we hepdesi

Giriş ýerine: “Atavatan Türkmenistan” halkara  žurnalynyň hormatly okyjylary!  Doganlyk Türkiýe döwletinde 24-30-njy noýabr “Mugallymlar güni we hepdesi” diýlip ýörite bellenilýär. Şonuň üçin biz-de bu dabaraly...

Türkmenistan «Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşdy

2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda «Merkezi Aziýa-Koreýa» Hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisi geçirildi, onuň barşynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi.
Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň Prezidenti: «Nebitgaz pudagynda çig maly gaýtadan işleýän zawodlary gurmak zerur»
Forumyň barşynda Gazagystan Respublikasynyň daşary...

“Trendyol”: Garaşylmadyk arzanladyşlar bolar

Soňky birnäçe günden bäri, tutuş dünýäde söwda ulgamynda uly arzanladyşyň geçiriljek wagtyna sanlyja gün galdy. Dünýäde “Black Friday”diýlip atlandyrylýan, Türkiýede bolsa “Super anna” diýlip...

Türkmenistanda Bitaraplyk gününiň çäreleriniň geçiş tertibi

Türkmenistanyň çäklerine ýiti ýokanç keselleriň gelmeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli noýabr-dekabr aýlarynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylaryň...