TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ykdysady üstünliklerimiziň sergisi

Şu gün — 20-nji sentýabrda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň  31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Gözden geçiriliş paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda guraldy. Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçirilýän sergide okgunly ösýän milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler döwlet we hususy düzümleriň öndürýän ýokary hilli önümleridir ýerine ýetirýän döwrebap hyzmatlary bilen tanyşdyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmegi ajaýyp däbe öwrülen bu sergide – milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň, ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan köpmilletli agzybir halkymyzyň döredijilik güýç-kuwwatynyň aýdyň beýany bar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler milli ykdysadyýetimiziň galkynmagyny şertlendirýär. Baýramçylyga bagyşlanan sergide gurnalan diwarlyklarda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan netijeli işler aýdyň beýanyny tapýar.

Şeýle hem oňa ýurdumyzyň  halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän döwlet düzümleri hem-de hususy kärhanalar gatnaşýar. Innowasion tehnologiýalara esaslanmak bilen, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek olaryň öňünde durýan möhüm wezipedir.

Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda belläp geçişi ýaly, garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ulgamlaryny ösdürmekde belent sepgitlere ýetip, sebit hem-de dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar. Önümçilik, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeni-durmuş maksatly iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, döwrebap desgalaryň her ýylda ýüzlerçesiniň gurlup ulanmaga berilmegi, eziz Diýarymyzyň halkara derejeli möhüm çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz ösüş­lerimiziň berk bin­ýa­dy­dyr. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da hal­ky­my­zyň aň-dü­şün­je­sin­de, dur­mu­şyn­da, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de uly öz­ge­riş­ler, ösüş­ler bo­lup geç­di. Eziz Di­ýa­ry­myz äh­li ugur­lar­da: sy­ýa­sat­da, yk­dy­sa­dy­ýet­de, oba ho­ja­ly­gyn­da, se­na­gat­da, me­de­ni­ýet­de, sport­da, sag­ly­gy go­ra­ýyş­da hem-de bi­lim ul­ga­myn­da be­lent sep­git­le­re eýe bol­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da giň möç­ber­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Ata Wa­ta­ny­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­ler giň göw­rüm­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­de gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýän aja­ýyp bi­na­lar hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Gur­lu­şyk­la­ryň ge­ri­mi bar­ha gi­ňe­ýär. Mu­nuň özi il­deş­le­ri­mi­ziň gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dyr­ýar.

Aýlar Amanowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle