TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ykdysady ösüşleriň belent sepgitleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda ata Watanymyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanylýar. Şeýle ýokary görkezijiler bilen halkymyz Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň toýuna ynamly barýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar, häzirki zaman düzümleri kemala gelýär, dürli maksatly täze binalardyr desgalar ulanmaga berilýär. Iri möçberli sebit we milli maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösýändigini tassyklaýar.

Şu ýylyň sekiz aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabat döwrüniň makroykdysady görkezijileriniň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşe eýedigini alamatlandyrýandygyny belledi. Jemi içerki önümiň ösüş depgini ýokary derejede saklanýar.

2022-nji ýylyň ýanwar ― awgust aýlarynyň jemleri boýunça daşary söwda dolanyşygy hem ýokary görkezijilere eýe boldy. Hökümet mejlisinde berlen hasabatlar bu aýdylanlary doly tassyklaýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň, giň möçberli özgertmeleriniň oňyn netijesidir. Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän maýa goýum syýasaty ykdysady we önümçilik kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyny, häzirki zaman durmuş ulgamynyň, ulag-aragatnaşyk, inženerçilik düzümleriniň kemala gelmegini, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda täze usullaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ulanylmagyny şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine gönükdirilen maliýe çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlary özleşdirmegiň ösüş depgini has-da ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň söwda toplumynda sazlaşykly ösüş depginlerini saklamak üçin halkara işewürlik gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasy ähli döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir, sergileriň we maslahatlaryň işjeň ýagdaýda guralmagy ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna çalt goşulyşmagyna ýardam berýär.

Ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda bolşy ýaly, paýtagtymyzyň düzüm böleklerini döwrebaplaşdyrmaga we giňeltmäge hem uly möçberli maliýe serişdeleri goýberilýär, halkymyzyň amatly durmuş şertlerini üpjün etmek üçin zerur mümkinçilikler döredilýär.

Häzirki wagtda türkmenistanlylar tutanýerli zähmet çekip, işe döredijilikli çemeleşýärler, öňdebaryjy tilsimatlary netijeli peýdalanýarlar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalary we iri taslamalar hem halkymyzyň abadançylygyny we ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle beýik işleriň amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi barha ýokarlanýar. Munuň özi ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat ugrumyzy hem üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne go­ýul­ýan ma­ýa go­ýum­la­ryň bel­li bir bö­le­gi­niň önüm­çi­li­ge, beý­le­ki bir bö­le­gi­niň bol­sa dur­muş mak­sat­ly ugur­la­ra gö­nük­di­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Önüm­çi­li­ge go­ýul­ýan ma­ýa go­ýum­la­ryň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ýar. Yl­myň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry önüm­çi­li­ge or­naş­dy­ryl­ýar. Ön­dü­ril­ýän tä­ze önüm­le­riň gör­nüş­le­ri art­ýar. Da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­ni­len iri tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Bu bol­sa döw­le­ti­mi­ziň se­na­gat taý­dan ösen ýur­da öw­rül­me­gin­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar.

Amangeldi Hojamberdiýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle