TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy : Wideokonferensiýa Mejlisi

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gatnaşyjy-döwletleriniň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň nobatdan daşary duşuşygy geçirildi. Mejlis wideokonferensiýa görnüşinde geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy ýolbaşçylyk etdi. Mejlise gatnaşyjylary YHG SSE-iň prezidenti Azarah Hafizi hem-de şol guramanyň Baş sekretary Adem Kula mübäreklediler. Duşuşygyň barşynda Türkiýäniň, Pakistanyň, Eýranyň wekilleri, şeýle-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy çykyş etdiler.

Bu duşuşyk taraplara YHG-nyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini, hususan-da pandemiýanyň ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryna ýetiren täsirini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Taraplar söwda, ulag, energetika, senagat ulgamlaryndaky özarahereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Çökgünlikli ykdysady ýagdaýlaryny ýeňip geçmek, şonuň ýaly-da geljek üçin söwda strategiýalarynyň işlenilip düzülmegi boýunça bilelikdäki hereketeler dogrusynda pikirler alyşyldy.

Ýene-de okaň

Bolgariýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hindistanyň söwda dolanyşygy 114 million dollara deňdir

Owganystan Türkmenistan bilen import ylalaşyklaryny baglaşmakçy

Teswirle