TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlyklarynyň duşuşygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň bu komitetiň ýapon tarapynyň başlygy, Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşine ýokary baha berdiler. Ýokary derejedäki saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösüşini kesgitleýändigi bellenildi.

Iki döwletiň söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Taraplar häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamalary seljerdiler hem-de nebitgaz, gazhimiýa we gaýtadan işleýän senagat pudaklaryndaky, ulag hem-de beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Birek-birege hormat goýmaga, özara bähbitleri nazara almaga we deňhukuklylyga esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeliligi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylan taslamalar, hususan-da, Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumy, Mary şäherindäki ammiak we karbamid öndürýän zawody, Garabogaz şäherindäki karbamid zawody, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod bellenilip geçildi. Şeýle hem Lebap welaýatynda döwrebap gaz turbinaly elektrik bekediniň gurluşygyny dowam etdirmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirýän özgertmeler maksatnamalarynyň baş wezipesiniň Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmekden ybaratdygyny bellemek gerek.

Onlaýn duşuşygyň dowamynda taraplar dünýädäki häzirki ykdysady ýagdaýlary göz öňünde tutup, iri maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlykda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylmaly işleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

 

1-nji Iýunda Ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Sankt-Peterburg söwda öýlerini açmakçy

“KamAZ”-yň täze hyzmat ediş merkezleri açyldy

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Teswirle