TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak

Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň berýän maslahatlary:

  1. Beden taýdan işjeňligi ýokarlandyrmaly we sport bilen meşgullanmaly;
  2. Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly;
  3. Pasyllara görä geýinmeli;
  4.  С witamine baý önümler bilen iýmitlenmeli;
  5.  Iş ýerinde we öý otaglarynda wagtal-wagtal penjireleri açyp, howanyň tämiz bolmagyny üpjün etmeli;
  6. . Hökman lukman bilen maslahatlaşyp, gyzyl burç ýa-da sarymsak goşulan unaş bilen iýmitlenmeli. Sarymsak bilen burç bedeniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän biologik işjeň maddalara baýdyr;
  7. . Dümewiň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman, maşgala lukmanyna ýüz tutmaly;
  8.  Asgyrylanda we üsgürilende, elýaglyk bilen agzyňy we burnuňy ýapmaly;
  9.  Elleri elmydama arassa saklamaly, onuň üçin nahar iýmezden öň we naharlanylanyndan soň, hajathanadan soň, daşardan geleniňizden soň elleriňizi sabyn bilen gowy ýuwmaly;
  10. Derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl. Esasan hem bu antibakterial serişdelere degişlidir;
  11.  Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlaryny içmeli;
  12.  Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda etdirmeli.

 

Ýene-de okaň

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Teswirle