DÜNÝÄ

ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti Reýnhold Lopatka bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi.

Duşuşykda ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýüze çykýan dürli halkara ýagdaýlary syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmekde diplomatiýanyň gurallaryny ulanmak we dialogyň medeniýetiniň ähmiýeti baradaky meselelere seredildi.

Gepleşikleriň çäklerinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň alyp barýan işleriniň bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, möhüm meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmaga we oňyn çözgütleri tapmaga ýakyndan ýardam berýändigi nygtaldy.

Ýene-de okaň

Dewid Kameron palow tagamyna haýran galdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gruziýada saparda bolýarlar

Abu-Dabide Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

Ertir Parižde Türkmenistanyň göçme energetika forumy öz işine başlar

Özbegistan bilen Beýik Britaniýa täze resminamalara gol çekişdi

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisi geçirildi