TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

ÝHHG-niň Ministrler geňeşinde howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi boýunça Türkmenistanyň konseptual çemeleşmeleri beýan edildi 

Şu gün, onlaýn görnüşinde geçirilen ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň 27-nji mejlisiniň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň baştutanynyň howpsuzlyk konsepsiýasy babatyndaky nukdaýnazaryny beýan etdi.

Hususan-da, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi boýunça Türkmenistanyň konseptual çemeleşmeleriniň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň platformalarynda eden çykyşlarynyň barşynda ençeme gezek beýan edilendigi nygtaldy. Ministriň belleýşi ýaly, «onuň esasynda howpsuzlygyň bitewülik we bölünmezlik ýörelgesi bar bolup, ol bolsa biziň üçin howpsuzlygyň syýasy, ykdysady, azyk, ekologiýa we beýleki görnüşleri ýaly düzümleriniň üznüksizligini we özara şertlendirilendigini aňladýandyr».

Global pandemiýanyň ýaramaz netijeleri we dünýäniň howpsuzlygynyň ýagdaýy barada gürrüň etmek bilen, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ÝHHG-niň Howpsuzlyk ulgamyndaky Bitewi strategiýasynyň, ýagny özarabaglanşykly syýasy, durmuş-ykdysady we medeni wezipeleriň ençemesiniň çözgüdine gönükdirilen täze halkara-hukuk guralynyň işlenilip düzülmeginiň mümkinçiliklerine seredilmegini teklip etdi.

Şu nukdaýnazardan, halkara syýasatynda ynanyşmagyň dikeldilmeginiň ähmiýeti nygtaldy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamasynyň derwaýyslygy bellenildi, çünki oňa laýyklykda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi. Bu ugurda Türkmenistanyň ýurtda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek baradaky meýilnamalary beýan edildi, R.Meredowyň nygtaýşy ýaly, «ol howpsuzlygyň berk we durnukly ulgamynyň esasy hökmünde halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň doly hem-de ählitaraplaýyn kemala getirilmegi babatynda täze ugurlaryň kesgitlenilmegine mümkinçilik berer».

Çykyşyň barşynda şeýle hem deňhukukly, birek-birege hormat goýulýan we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyna çagyrýan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň özboluşlylygy we netijeliligi bellenilip geçildi. Türkmen wekiliýeti özüniň oňyn bitaraplygynyň tejribesiniň ulanylmagy bilen parahatçylyk gurujylyk we parahatçylyk döredijilik ulgamlarynda täzew konsepsiýalaryň we strategiýalaryň işlenilip düzülmegine işjeň gatnaşmak babatynda Türkmenistanyň taýýarlygyny beýan etdi.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Serhetabat we Oguzhan etrap häkimlikleri ýatyryldy

Baş Redaktor

Farap we Döwletli etrap häkimlikleri ýatyryldy

Baş Redaktor

Daşoguz welaýatynda ady üýtgedilen we ýatyrylan etraplar

Baş Redaktor

Teswirle