BIZNES

YHG-niň sebitinde TOPH-yň ähmiýeti :Stambul Maslahaty

Türkmenistanyň başlangyjy bilen asyryň iri taslamasy – Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlandy. Bu taslama bir tarapdan türkmen tebigy gazyny Günorta Aziýanyň ýokary depginlerde ösýän 2 ýurdy – Pakistan we Hindistana elter we beýleki tarapdan sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň höküm sürmegine öz oňyn goşandyny goşar. Ýyllyk tebigy gaz iberijilik kuwwaty 33 milliard kubmetre deň bolan gaz geçirijisiniň uzynlygy 1814 kiloemtre deňdir.

Bu taslamanyň ilerledilmegi hem-de dünýäniň dürli sebitlerinden maýadarlaryň goşulmagyny üpjün etmek üçin köp sanly çäreler geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan şu ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkiýäniň iri işewürlik merkezi Stambul şäherinde geçiriler.

TOBB Plaza Stambul myhmanhanasynda “YHG-niň sebitinde energetika taslamalarynyň orny, TOPH we Türkmenistan taslamalary” atly ýygnak geçiriler. Oňa Türkiýäniň BirŽalar we Palatalar Bilelelşiginiň Başlygynyň ýörite kömekçisi Bahri Jan Çalyjyogly, Owganystanyň ilçihanasynyň söwda işleri boýunça geňeşçisi Abdul Kaýýum Bassam, Türkiýäniň BirŽalar we Palatalar Bilelelşiginiň umumy bölüminiň agzasy Halim Mete, Hindistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sanjaý Bhattaçariýa, Pakistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Muhammad Gazi we Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew çykyş etmegine garaşylýar.

Mundan başga-da ýygnagyň çäklerinde Türkmenistan we TOPH gaz geçirijisi barada wideofilm görkeziler. Şeýle hem ýygnagyň çäklerinde ýurdumyzdaky iri energetika, hususan-da TOPH taslamasy babatda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň bölüm başlygy Süleýman Baýrammyradow, “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýerine ýetiriji bölüminiň taslama müdiri/TOPH gaz geçirijisiniň taslama müdiri Döwlet Nyýazberdiýew, “Türkmengaz” döwlet konserniniň maliýe bölüminiň hünärmeni/TOPH gaz geçiriji taslamasynyň maliýe hünärmeni Mergen Kerimow, “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň baş redaktory we energetika ugry boýunça hukukçy Dr.Döwran Orazgylyjyow çykyş ederler.

Şeýle hem ýygnagyň çäklerinde ikiçäk işewürlik gepleşikleri geçiriler. Ýygnak 16 Oktýabr 2018 senesinde sagat 10-da başlaýar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda IFT-2025 halkara sergisi geçiriler

Türkmen telekeçileriniň üstünlikleriniň sergisi guralar

Türkmenistan “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine taýýarlyk görýär

Azerbaýjan 3.8 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Täze maldarçylyk fermasy gurulýar

Hindistan suwuklandyrylan gaz importynda Fransiýadan geçdi