TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

YHG-niň Ministrler Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň duşuşygy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ministrler Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň duşuşygy geçirildi.

Onuň işine Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Özbegstanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew, Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari, Gazagystanyň we Pakistanyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri hem-de YHG-niň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy.

Duşuşykda çykyş eden Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly özüniň jemgyýetçilik torundaky hasabyndan beren beýanatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlyklygyny Türkmenistana tabşyrýandyklaryny, bu guramanyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda köpri bolup biljekdigini belledi.

Duşuşygyň barşynda guramanyň çäklerindäki birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maslahatlaşyldy. Şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň taýýarlyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Prezident Ärdogan Türkmenistana gelýär

Ýene-de okaň

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanyda

Türkmenistan bilen Russiýa 15 resminama gol çekişdi

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Teswirle