TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

“Ýewrowideniýe” aýdym-saz şüweleňi ýatyryldy

Ýewropanyň Ýaýlym Bileleşiginiň (ЕВС)  Ženewadaky ştab-kwartirasyndan berlen beýanata görä, şu ýylyň 12-16-njy maýy aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Rotterdam şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen “Ýewrowideniýe” aýdym-saz şüweleňi ýatyryldy. Bu barada Ýewropanyň Ýaýlym Bileleşiginiň resmi wekili Dewid Gudman hem belläp geçýär.

Guramanyň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilen beýanata görä,  şu ýyl geçiriljek 65-nji “Ýewrowideniýe-2020” aýdym-saz şüweleňiniň ýatyrylmagyndan çuňňur gynanylýandygy bellenilýär. Bu ugurda çözgüt kabul edilmegiň kyn bolandygy, ýöne dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli şeýle netijä gelmeli bolandygy bellenilip geçilýär.

Bu bäsleşigiň 2021-nji ýylda geçirilmegi üçin Rotterdamyň şäher häkimligi we beýleki degişli edaralar bilen gepleşikleriň geçirilmeginiň dowam etjekdigi bellenildi. Şeýlelikde 1956-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu bäsleşik ilkinji gezek ýatyrylmaly boldy.

Türkiýe Respublikasy bu bäsleşikde 2003-nji ýylda Sertap Ereneriň “Everyway That I Can” atly aýdymy bilen birinji bolupdy. Geçen ýyl Ysraýylda geçirilen bäsleşikde Niderlandlar Patyşalygynyň wekili Dunkan Laurense “Arcade” atly aýdymy bilen birinji bolupdy.

Ýene-de okaň

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

Teswirle