TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

“Ýewrowideniýe-2022” aýdym-saz bäsleşiginiň finalistleri belli boldy

Italiýada geçiriljek “Ýewrowideniýe-2022” aýdym-saz bäsleşiginiň finalyna çykanlaryň sanawy belli boldy. Sanawda 25 ýurduň ady agzalýar. Italiýa, Fransiýa, Germaniýa göni finalyň özüne gatnaşýandyklary üçin ýarym finalda çykyş etmeýärler.

Bäsleşigiň 1-nji ýarym finalynyň netijelerine görä, Şwesariýa, Norwegiýa, Ermenistan, Gresiýa, Islandiýa, Ukraina, Litwa, Moldowa, Portugaliýa we Gollandiýa finala galan ýurtlar boldy.

Bäsleşigiň 2-nji ýarym finalyndan finala Belgiýa, Çehiýa, Azerbaýjan, Polşa, Finlýandiýa, Estoniýa, Latwiýa, Şwesiýa, Awstraliýa, Rumyniýa, Serbiýa galdy.

“Ýewrowideniýe-2022” aýdym bäsleşiginiň finaly 14-nji maý şenbe güni bolar.

 

BAE-niň Prezidenti aradan çykdy

 

Ýene-de okaň

Hytaýyň çaý medeniýeti ÝUNESKO-nyň sanawynda

Aşgabatda halkara aýdym-saz festiwaly açyldy

Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

Teswirle