SPORT

Ýewropanyň şasy: “Real Madrid” Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finaly Fransiýanyň Pariž şäherindäki “Stad de Frans” stadionynda oýnaldy. Ispaniýanyň “Real Madrid” topary finalda Angliýanyň “Liwerpul” toparyny 1:0 hasabynda utup, taryhynda 14-nji gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 59-njy minutda Winisius öz adyna ýazdyrdy.

Final duşuşygyny stadionda tomaşa eden köp sanly meşhur futbolçylar, tälimçiler we UEFA-nyň we FIFA-nyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI hem bardy.

Final duşuşygy 40 minut giç başlady. “Real Madrid” topary takmynan 40 ýyldan bäri esasy duşuşyklarda ýeňilmän gelýär.

“Real Madrid” topary 14-nji Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Olar 17-nji gezek bu ýaryşyň finalyna çykdy.

Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanmakda öňdeligi eýeleýän “Real Madrid” toparyndan soňra bu kubogy 7 gezek “Milan”, 6 gezekden “Liwerpul” we “Bawariýa”, 5 gezek “Barselona” topary gazandy.

Toparyň tälimçisi Karlo Ançelotti 4-nji gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Ol bu kubogy 2 gezek “Milan” we 2 gezek “Real Madrid” topary bilen gazanyp, bu ugurda öňdeligi eýeleýär.

 

Aşgabatda türk tagamlarynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Ýene-de okaň

“Barselona” topary Wirjil wan Deýk bilen gyzyklanýar

2024-nji ýylda türkmen türgenleri 752 medal gazandy

Türkmen hokkeýçileriniň Hytaýdaky uly hasaply ýeňişleri

Ata Watan Eserleri

Ramos Meksikada futbol karýerasyny dowam etdirer

Türkmen eminleri zenanlar futzal halkara ýaryşynda eminlik ederler

Futzal boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy CAFA-nyň çempionatyna gatnaşar