SPORT

Ýewropanyň öňdebaryjy toparlarynyň transferleri

Täze möwsümde taýýarlyk döwründe Ýewropanyň öňdebaryjy toparlary düzümlerini güýçlendirmek üçin tagalla edýärler. Bu döwürde toparlaryň düzümini güýçlendirmegi täze möwsümde has gowy netijeler gazanmagyna mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda Ýewropada Germaniýanyň “Bawariýa” topary täze futbolçylar üçin has köp çykdajy etdi. Bu barada “Bild” neşiri habar berýär. Nemes topary täze futbolçylary satyn almak üçin 120,5 million ýewro sarp etdi.

“Bild” neşirine görä, täze futbolçylary satyn almak üçin köp serişde sarp eden toparlar:

1. «Bawariýa» – 120,5 million ýewro (Matteýs de Ligt – 70, Sadio Mane – 32, Raýan Grawenberh – 18,5).

2. «Mançester Siti» – 108,75 (Erling Holand – 60, Kelwin Fillips – 48,75)

3. «Barselona» – 103 (Robert Lewandowksi – 45, Rafinýa Dias – 58)

4. «Arsenal» – 97,06 (Gabriesl Žesus – 52,2, Fabiu Wieýra – 35, Mett Terner – 6,36, Markinos Oliweýra – 3,5)

5. «Çelsi» – 94,2 (Rahim Sterling – 56,2, Kalidu Kulibali – 38)

6. «Borussiýa Dortmund» – 86 (Sebastýan Aller – 31, Karim Adeýemi – 30, Niko Şlotterbek – 20, Salih Özjan – 5)

7. «Liwerpul» – 85,8 (Darwin Nunýes – 75, Fabio Karwalýo – 5,9, Kelwin Remzi – 4,9)

8. «Real» – 80 (Orelýen Tçuameni – 80)

9. «PSŽ» – 79,5 (Witinýa – 41,5, Nunu Mendeş – 38)

10. «Mançester Ýunaýted» – 72,37 (Lisandro Martines – 57,37, Tirell Malasia – 15)

Ýene-de okaň

Messi “Instagramda” 500 million yzarlaýja ýetdi

Meşhur tälimçi Arsen Wengere türkmen halysyny sowgat berildi

Arsen Wenger: Türkmenistana futbolda uly üstünlikler arzuw etdi

“Arkadag” topary Gyrgyzystanyň “Abdyş-Ata” toparyny ýeňdi

Braziliýa 15-nji gezek dünýä çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

“Liwerpul” topary 10-njy gezek Angliýanyň Liga kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri