SPORT

Ýewropanyň “naýbaşysy” – “Real Madrid”

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanan Ispaniýanyň “Real Madrid” topary UEFA-nyň Superkubogyny hem gazanmagy başardy. Bu kubogy almak üçin geçirilen duşuşykda Germaniýanyň “Aýntraht” toparyny 2:0 hasabynda ýeňen “Real Madrid” topary bu kubogy 5-nji gezek gazandy. Şeýlelikde, “Real Madrid” UEFA-nyň Superkubogyny gazanmakda “Barselona” we “Milan” toparlary bilen deňleşdi.

Madridiň “Realynyň” düzüminde 37-nji minutda Dawid Alaba we 65-nji minutda Karim Benzema tapawutlandy. toparyň fransuz hüjümçisi Benzema “Real” toparynyň düzüminde iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda Rauldan öňe saýlanyp, ikinji orna geçdi. Benzema bu toparyň düzüminde 324 gol geçirdi. Öňdeligi 450 gol bilen ronaldo eýeleýär. Şeýle hem, Benzema “Real Madrid” bilen 23-nji kubogyny gazandy.

Toparyň tälimçisi Karlo Ançelotti tälimçilik karýerasyndaky 24-nji kubogyny, “Real” bilen bolsa 8-nji kubogyny gazanmagyň hötdesinden geldi.

Toparyň derwezebany belgiýaly Tibo Kurtua “Real Madrid” toparynyň geçiren 4 final duşuşygynda derwezesinden gol geçirtmän gelýär.

Ispanyň şa kluby hökmünde hem atlandyrylýan “Real Madrid” umumylykda 94-nji kubogyny gazandy. Bu topar 35 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy. 19 gezek Ispaniýanyň kubogyny, 12 gezek Ispaniýanyň superkubogyny gazanyp, halkara derejesindäki ýaryşlarda 14 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny, 2 gezek UEFA-nyň Kubogyny, 5 gezek Superkubogyny, 3 gezek yklymara kubogyny we 4 gezek klublayrň dünýä çempionatynyň kubogyny gazandy.

Ýene-de okaň

“Time” žurnaly: Messi ýylyň türgeni

Ata Watan Eserleri

Ahal» topary «Al-Ain» toparyny kabul eder

“Arkadag” topary – çempion

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň bijeleri çekildi

Ata Watan Eserleri

Gurban Berdiýewiň “Dinomasy” birinjilige geçdi

“Merw” (Türkmenistan) – “Rawşan” (Täjigistan): 1-1