DÜNÝÄ

Ýewropanyň iň uly syn ediş çarhy açyldy

Rus­si­ýanyň paý­tag­ty Mosk­wa­da Ýew­ro­pa­nyň iň uly syn ediş çarhy ulanmaga berildi. Oňa «Mosk­wa­nyň Güni» di­ýip at be­ril­di.

Şä­he­riň gö­zel­lik­le­ri­ni syn­la­mak üçin äh­li amat­lyk­lar dö­re­di­len tä­ze bi­na­nyň be­ýik­li­gi 140 metr bo­lup, her bi­ri 15 orun­lyk 30 ýa­pyk ka­bi­na­sy bar.

Ka­bi­na­lar­da wi­deo gö­zeg­çi­lik, ho­wa saz­la­ýyş, şeý­le hem do­lan­dy­ry­jy bi­len ha­bar­laş­mak üçin düw­me­ler ýer­leş­di­ri­len. Bäş sa­ny ka­bi­na­nyň po­ly aý­na­dan bo­lup, aşa­gy hem gö­rün­ýär.

Syn ediş çarhynyň bir gezek aýlawy 18 minut 40 sekunt dowam edýär. Bir gezekde 450 adam kabuledip bilýär.

Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, mun­dan ozal Ýew­ro­pa­nyň iň uly syn ediş çarhy Lon­don­da­ky “Lon­don eye” ha­sap­lan­ýar­dy. Bu bi­na­nyň be­ýik­li­gi 135 met­re ba­ra­bar­dyr.

Ýene-de okaň

Türkiýe Respublikasy Türkmenistana täze ilçi belleýär

Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty

Astana şäherinde konkur ýaryşy guraldy

Ispaniýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygy Stambulda bellendi

Gazagystan Germaniýa nebit eksportuny dowam etdirer