TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ýewropanyň iň owadan Täze ýyl arçasy

Litwanyň paýtagty Wilnýus şäheriniň merkezinde oturdylan adaty bolmadyk ýokary tehnologiýaly Täze ýyl arçasy, Ýewropada iň owadan Täze ýyl arçasy diýip yglan edildi. Onuň boýy 24 metre barabardyr, şeýle hem ony uzak aradan hem görüp bolýar. Bu baýramçylyk arçasy oýnawaçlar ýa-da ownuk şaý-sepler bilen bezelmändir. Arça LED lampalar, aýnalar we janly arça şahalary bilen metal böleklerden ýasalandyr.

Iň gowy Täze ýyl arçalarynyň sanawynda ikinji orunda Strasburg şäheriniň Täze ýyl arçasy ýerleşdi. Üçünji orny bolsa Çehiýanyň paýtagty Pragada oturdylan Täze ýyl arçasy eýeledi. Bu sanawa Ýewropa şäherleriniň arasyndan 19 sany Täze ýyl arçasy gatnaşdy. Ýewropada Täze ýyl baýramçylyk çäreleri, pandemiýa sebäpli onlaýn arkaly geçiriler.

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy

Ata Watan Eserleri

Meredow we Çawuşogly : telefon arkaly gynanç bildirildi

Baş Redaktor

Teswirle