TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ýewropanyň iň gymmat futbolçysy kim?

Bu sowaly okan futbol janköýerleri ilki bilen Krsitiano Ronaldo, Lionel Messi, Neýmar, Mbappe diýmegi mümkin. Ýöne ol beýle däl.  Ýewropanyň öňdebaryjy 5  futbol ligasynyň iň gymmat futbolçysy hökümnde Markus Raşford saýlandy.

Halkara sport seljermeleri merkezi (CIES Futbol Obserwatoriýasy) tarapyndan Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynyň iň gymmat futbolçylarynyň sanawy düzüldi. Bu sanawda birinji orny Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň hüjümçisi Markus Raşford eýeledi. Ol dünýäniň iň gymmat 100 futbolçysynyň sanawynda birinji bolup, bahasy 165.6 million ýewro deňdir.

Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparynyň hüjümçisi Erling Holand (152 mln) hem-de Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň goragçysy Trent-Aleksander-Arnold (151.6 mln) degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlary eýeledi.

“Barselonanyň” hüjümçisi Lionel Messi 97-nji orny eýelän bolsa, “Ýuwentus” toparynyň hüjümçisi Kristina Ronaldo ilkinji 100-likde orun hem almady. Ol 47 million ýewrolyk bahasy bilen 131-nji orny eýeledi.

Iň gymmat futbolçylaryň sanawy:

1. Markus Raşford («Mançester Ýunaýted») – 165,6 million ýewro.

2. Erling holand («Borussiýa» Dortmund) – 152 mln.

3. Trent Aleksander-Arnold («Liwerpul») – 151,6 mln.

4. Bruno Fernandes («Mançester Ýunaýted») – 151,1 mln.

5. Kilian Mbappe («PSŽ») – 149,4 mln.

6. Jeýdon Sanço («Borussiýa» Dortmund) – 148,3 mln.

7. Žoau Feliks («Atletiko Madrid») – 141,5 mln.

8. Alfonso Dewis («Bawariýa») – 139,2 mln.

9. Rahim Sterling («Mançester Siti») – 136,9 mln.

10. Kaý Hawerts («Çelsi») – 136 mln.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle