TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ýewropanyň iň beýik telediňi

Türkiýäniň täze teleýaýlym we radio diňi doly işe taýýardygy habar berildi.  Stambul şäheriniň iň beýik ýerlerinden biri bolan Çamlyk sebitinde täze diňiň işe başlamagyna ýene-de az wagt galdy. Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglu, Stambulyň gözelligini ýitirmezlik üçin jemi 28 geçirijiniň, şol sanda Uly Çamlykdaky 25 we Kiçi Çamlykdaky 3 sany enjamyň söküljekdigini belledi. Ministr täze elektrik geçiriji liniýasynyň işe girizilmegi bilen bu sebitiň syýahatçylyk taýdan möhüm orny eýelejekdigini hem nygtap geçdi. Bu kaşaň diň 10 müň inedördül metr meýdanda gurlan we onuň beýikligi 369 metrdan ybarat bolup durýar. Deňiz derejesinden 587 metr beýiklikde gurlan teleradio diňi, Ýewropada hem iň beýik radio we telewideniýe diňi diýip hasaplanýar.

 

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Teswirle