SPORT

Ýewropanyň futbol çempionatlaryna syn: Messi ussadyny unutmady

Ýewropanyň öňdebayrjy ýurtlarynyň – Ispaniýanyň, Angliýanyň, Germaniýanyň hem-de Italiýanyň çempionatlarynda biri-birinden gyzykly hem-de çekeleşikli futbol duşuşyklary geçirildi. Şol duşuşyklarda “Barselona” bilen “Napoli” toparlarynyň duşuşygy özboluşly boldy. Umuman, ähli duşuşyklarda futbol dünýäsiniň ägirdi Diego Armando Maradona ýatlanyp geçildi. Maradonanyň oýnan futbol toparlary “Barselona” bilen “Napoli” bu hepde 4:0 hasabyna utup, bu ýeňşini öz ussatlaryna bagyş etdiler.

Angliýanyň “Premýer liga” çempionatynyň merkezi oýunlarynyň netijeleri:

Soutgempton 2:3 Mançester Ýunaýted”

Ýan Bednarek 23’

Bruno Fernandeş 60’

Jeýms Ward Prous 33’

Edinson Kawani 74’, 90+2’

Oýnuň birinji ýarymynda ýer eýeleri, garşydaş toparyna garşy gowy oýun görkezdiler. Emma ikinji ýaryma “Mançester Ýunaýted” topary diňe ýeňiş islegi bilen meýdança çykdylar. “Mançester Ýunaýted” topary futbol äleminde aýdylşy ýaly (come back) yzyna gaýdyp geldiler. Oýun ikinji ýarymda has hem gyzykly geçdi.

“Arsenal 1:2 Wulwerhempton”

Santos Magaleş 30’

Pedro Neto 27’

Daniel Podens 42’

Artetanyň tälim berýän “Arsenal” topary çempionatyň başyny gowy netijeler bilen başlapdy. Emma toparda häzirki wagtda birneme kynçylyk döreýändigi sebäpli, gowy netijäni yzygiderli janköýerlerine ýetirip bilmeýärler. Çempionatyň bu tapgyrynda hem öz meýdançasynda “Wulwerhempton” toparyndan asgyn geldiler.

Çelsi 0:0 Tottenhem”

Mourinýo ýene-de Stemford Brij stadionyna  gaýdyp geldi. Ýöne bu gezek tälim berýän “Tottenhem” futbol topary bilen çempionatyň nobatdaky duşuşygyna geçirmäge geldiler. Oýundan öň “Çelsi” futbol toparyna tälim berýän Frenk Lempard: “Mourinýo güýçli tälimçi we bu oýunda duýdansyz howply pursatlar göreris” diýip belledi. Oýun dogrudanam örän täsirli geçdi, emma hiç kim ýeňiş gazanyp bilmedi.

Mançester Siti 5:0 Burnli”

Mahrez 6’, 22’, 69’

Mendi 41’

Ferran Torres 66’

Braýton 1:1 Liwerpul”

Paskal 90+3’ (P)

Diogo Jota 60’

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynyň merkezi oýunlarynyň netijeleri:

Walensiýa 0:1 Atletiko Madrid”

Toni Lato 79’ (Ö.d)

Simeonenyň tälim berýän topary diňe goragda oýnaýar we munuň bilen hemmä mälim. Bu duşuşykda hem olar ýeňiş gazanmak üçin bir gol ýeterli boldy.

“Barselona 4:0 Osasuna”

Braýtwaýt 29’

Grizmann 42’

Koutinýo 57’

Messi 73’

 

Bu duşuşykda jemleýji goluny geçiren Lionel Messi, özüniň bu goluny ýakynda aradan çykan Diego Armando Maradona bagyşlady. Ol öz futbol köýnekçesini çykaryp, Maradonanyň bir döwür geýen futbol köýnekçesini görkezip, öz ussadyny sarpalady.

“Real Madrid 1:2 Alawes”

Kasemiro 86’

Lukas Perez 5’ (P)

Joselu 49’

Şa toparynda şowsuzlyk wagty entägem dowam edýär. Çempionatda we beýleki ýaryşlarda birde ýeňiş gazanyp janköýerlerini begendirip başlaýar, birden hem şowsyz duşuşyklaryny geçirip başlaýar.

Getafe 1:1 Atletik Bilbao”

Angel Diaz 75’

Willalibre 9’

Italiýanyň “Seriýa A” çempionatynyň merkezi oýunlarynyň netijeleri:

Napoli 4:0 Roma”

Insine 30’

Fabian 64’

Mertens 81’

Politano 86’

Duşuşyk başlanynda hem bellidi. “Napoli” futbol topary oýnuň başyndan garşydaşa top bermän, ýadatdy. Ýer eýeleriniň sazlaşykly paslaryň netijesi 30-njy minutda öz täsirini berdi. Bu oýunda aýdara diýseň zat köp. Umuman aýdanymyzda ýer eýeleriniň gözünde diňe ýeňiş görünýärdi.

“Milan 2:0 Fiorentina”

Romanýoli 17’

Kessie 27’(P)

San-Siro stadionynda “Milan” futbol topary, “Fiorentina” futbol toparyny kabul etdi. Ýer eýeleri häzirki wagtda barha oýun depgini artdyryp, bir döwürde “Milan” diýdiren adyna meňzäp barýar.

Benewento 1:1 Ýuwentus”

Letizia 45+3’

Morata 21’

Germaniýanyň “Bundesliga” çempionatynyň merkezi oýunlarynyň netijeleri:

Ştuttgart 1:3 Bawariýa”

Kulibali 20’

Koman 38’

Lewandowski 45+1’

Duglas Kosta 87’

Bu oýna teswir bermek hem hökman dälmikä diýýaris. Sebäbi güýçli hemişe-de güýçli bolýarda.

Borussiýa Dortmund 1:2 Köln”

Torgan Hazard 74’

Elýes Skri 9’, 60’

Borussiýa Mýunhengladbah 4:1 Şalke”

Noýhaus 15’

Benito Raman 20’

Wendt 36’

Markus Turam 52’

Wolf 80’

 

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

1 ýyldan soňra tälimçilikden boşadyldy

“Mançester Siti” yzly-yzyna 4-nji, umumylykda 10-njy çempionlygyny gazandy

Fil Foden Angliýada “ýylyň futbolçysy” boldy

Ata Watan Eserleri

Er-Riýaddaky ýylyň boks tutluşygy: Usik Fýurini ýeňdi

“Baýer” topary ýeňilmän çempion boldy

Ronaldo Saud Arabystanyda galyp biler