TEHNOLOGIÝA

Ýewropada ýeke-täk zarýad beriji ulanylar

Ýewropa Bileleşigi mobil enjamlary üçin ýeke-täk standartly zarýad berijisi ulanmak barada karar kabul edildi. 2024-nji ýylyň güýzünde zarýad berijiler, nauşnikler, kolonkalar we kameralar “USB-C” formatynda bolar.

Zarýad berijileriň tizligi hem kepillendiriler we ylalaşylar. Bu täze düzgün her ýyl müňlerçe tonna elektron galyndylary azaltmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem bu çözgüt kömürturşy gazlarynyň zyňyndylaryny hem azaltmaga şert döreder.

Bu karara garşy bolup durýan kompaniýalaryň biri “Apple” kompaniýasydyr. Sebäbi bu kompaniýanyň meşhur “iPhone” smartfonlary üçin aýratyn zarýad beriji ulanylýar. “Apple” kompaniýasynyň pikirine görä, Brýusseliň bu çözgüdi pudagyň ösüşine we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna päsgelçilik döreder.

Soňky maglumatlara görä, bu çözgüt sarp edijilere ýylda zarýad berijileri satyn almak üçin 250 million ýewro tygşytlamaga hem-de her ýylda 11 müň tonna elektron galyndylary azaltmaga mümkinçilik berer.

 

Gazagystanda täze 3 oblast döredildi

Ýene-de okaň

Gazagystan bilen Hytaý emeli intellekt barlaghanasyny döreder

Russiýada hem aerotaksiler peýda bolup biler

Merkezi Aziýada emeli aň: strategiýalar we geljekki meýilnamalar

“Boeing”: awiasiýa üçin 20 ýylda 2 milliondan gowrak hünärmen gerek

“OpenAI” kompaniýasy täze “o3-mini” emeli aň modelini tanyşdyrdy

Norwegiýa ilkinji bolup doly elektrikli ulaglara geçip biler