TEHNOLOGIÝA

Ýewropada täze Huawei P40 Lite E atly akylly telefon çykdy

Bir aý mundan ozal Huawei kompaniýasy täze Y7p Thailand görnüşli akylly telefonyny döretdi. Ýöne Ýewropa döwletlerinde akylly telefonyň bu görnüşi Huawei P40 Lite E ady bilen tanalar. Akylly telefon 4GB operatiw we 64Gb ýady bilen üpjün ediler. Mundan daşary müşderiler satyn alan harytlarynyň ýany bilen Huawei Band 4 atly akylly sagadyny sowgat hökmünde alar. Telefonyñ içinde Google Play Store programmasyna derek Huawei kompaniýasynyñ AppGallery programmasyny ulanylar. Huawei P40 Lite E 6,39 dýumli IPS LCD ekran ýerleşdiriler. Akylly telefonyñ çep burçynda 8 megapikselli selfi kamerasy, arka ýüzünde 48 megapikselli kamera we barmak yz tanaýan(datçik) ýerleşdirilen. Telefon gara we gök reñkleri bilen ulanyşa ýetirler. Huawei P40 Lite E akylly telefon 12-nji martda satuwa çykarylar.

Ýene-de okaň

“Galaxy Ring” atly “akylly” ýüzük tanyşdyrylar

Emeli aň 2 trillion dollarlyk kompaniýany emele getirdi

Ata Watan Eserleri

52 ýyldan soňra ABŞ Aýa kosmos gämisini gondurdy

“Akylly” ýüzükler bazarynda bäsdeşlik ýokarlanýar

“iPhone” modelleri üçin mugt sport programmasy

Ata Watan Eserleri

Emeli intellekt boýunça ministrligi bolan ýeke-täk ýurt