DÜNÝÄ

Ýewropa suwy tygşytlaýar

Ýewropa ýurtlarynyň aglabasy adatdan daşary yssy howa sebäpli kyn günleri başdan geçirýärler. Ýewropa sebitindäki derýalar, howuzlar we suw howdanlary kiçelýär. Hemmeler suw tygşytlamak isleýärler. Mysal üçin, otlary suwarmak hem gadagan edilýär.

Beýik Britaniýada suwy tygşytlamak üçin şäherdäki köçeleriň gyrasyndaky otlary suwarmak hem gadan edildi. Hempşir graflygynda otlary şlanga bilen suwlamak bolmaýar. Jerimesi bir müň funt-sterlinge barabar bolýar. Ulaglary ýuwmak, jaýlaryň diwarlaryny we penjireleri ýuwmak gadagan. Şeýle gadaganlyklary 12-nji awgustdan Kent we Sasseks graflygynda hem girizmek göz öňünde tutulýar.

Ispaniýada hem yssy howalar dowam edýär. Hatda howalaryň çendenaşa yssy bolýandygy üçin ýapykj binalarda hem kynçylyk çekilýär. Şeýle bolýandygyna garamazdan, ýapyk binalarda sowadyjylary 27 gradusdan aşak goýmak gadan edildi. Ýurduň hökümeti çendenaşa yssy howalar sebäpli sowadyjy ulgamlarynyň köp ulanylýandygyny nazarda tutup, elektrik energiýasyny hem tygşytlamagy göz öňünde tutýar. Sowdajylary 27 gradusda işletmek ofis edaralarynda, garbnyşhanalarda, şelýe hem ulaglarda göz öňünde tutulýar. Dükanlarda içerki temperaturasy saklamak üçin gapylary ýapyk tutmak maslahat berilýär we agşamlaryna witrindaky çyralary öçürmek bellenildi.

Meteorologlar Ýewropada iki asyr bäri şeýle ýokary temperaturanyň bolmandygyny aýdýarlar.

Ýene-de okaň

Ispaniýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygy Stambulda bellendi

Gazagystan Germaniýa nebit eksportuny dowam etdirer

Kasym-Žomart Tokaýew bilen Olaf Şols duşuşdy

Eýranyň Gülüstan welaýatynyň hakiminiň Aşgabada sapary

Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Kunio Mikuriýa Aşgabatda