Ýewropa ligasynda 1/8 tapgyryň bijeleri çekildi

UEFA-nyň Ýewropa ligasynda 1/16 tapgyrynyň jogap duşuşyklary tamamlandy. Ýewro kuboklara gatnaşan Russiýanyň ýeke-täk “Krasnodar” topary hem iki duşuşykda ýeňişe sezewar bolup, özüniň ýewroturyny tamamlady. Şu gün guramanyň Nýon şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda 1/8 tapgyr duşuşyklarynyň bije çekeşligi geçirildi. Çempionatyň 1/8 tapgyr duşuşyklaryna jemi 16 topar gatnaşarlar.

Ýewropa ligasynyň 1/8 tapgyrynda geçiriljek duşuşyklar:

“Aýaks – Ýang Boýs”

“Dinamo Kiýew – Willarreal”

“Roma – Şahtýor Donetsk”

“Olimpiakos – Arsenal”

“Dinamo Zagreb – Tottenhem”

“Mançester Ýunaýted – Milan”

“Slawia Praga – Renjers”

“Granada – Mölde”

1/8 finalyň ilkinji oýunlary 11-nji martda, jogap duşuşyklary bolsa 18-nji martda oýnalar.

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy