TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ýewropa ligasy Germaniýada geçiriler

Ýewropa ligasynyň häzirki möwsüminiň soňky ýaryşy 10-njy awgustdan 21-nji awgust aralygynda Germaniýada geçiriler. Bu barada Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşiginiň (UEFA) Baş sekretarynyň orunbasary Jorjio Marketti metbugat ýygnagynda mälim etdi. Ol bu barada şeýle diýýär:

«Ýewropa ligasynyň jemleýji ýaryşy Germaniýada 10-njy awgustdan 21-nji awgust aralygynda geçiriler. Ýaryşy Gelsenkirhen, Duýsburg, Dýusseldorf we Köln myhman alar. Final 21-nji awgustda Kölnde geçiriler» — diýip, aýdýar.

UEFA-nyň resmi web sahypasynda habar berlişi ýaly, 1/8 finalyň galan oýunlary 5-6-njy awgustda, bu duşuşyklaryň nirede geçiriljekdigi kesgitlenýänçä – Germaniýada ýa-da bu oýunlaryň ýer eýeleriniň çäginde geçiriler. Mini-ýaryşyň bijesi 10-njy iýulda Şweýsariýanyň Nyon şäherinde geçiriler. Şeýle hem, UEFA-nyň epidemiologiki ýagdaýa baha berjekdigi we tomaşaçylaryň stadionlara gaýdyp gelmek ähtimallygyna baha bermek üçin häkimiýetler bilen habarlaşjakdygy bellenildi.

Metbugat neşirlerindäki habara görä, başda şu möwsümdäki Ýewropa ligasynyň finaly Polşanyň Gdansk şäherinde geçirilmelidi, indi şäher indiki ýyl ýaryşyň aýgytly oýnuny kabul eder. 2022-nji ýylda Ýewropa ligasynyň finaly Sewilýada, 2023-nji ýylda Budapeştde geçiriler.

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle