Ýewropa ligasy: garaşylmadyk netijeler

UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň ýarym final duşuşyklary geçirildi. Garaşylmadyk netijeleriň gazanylan oýunlarynda Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” bilen Italiýanyň “Roma” topary, Ispaniýanyň “Wilýareal” topary bilen Angliýanyň “Arsenal” topary duşuşdy.

Futbol janköýerlerini haýran galdyran oýun Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” bilen Italiýanyň “Roma” toparynyň arasynda boldy. “Mançester Ýunaýted” garşydaşy “Roma” topary 6:2 hasabynda utup, finala çykdy diýsek hem bolar.

Iňlis toparynyň düzüminde Bruno Fernandes 2 gezek, Kawani 2 gezek, Pogba we Grinwurd tapawutlandy. “Roma” toparynyň düzüminde bolsa Pellegrini we Jeko gol geçirdi.

Ispaniýanyň “Wilýareal” topary bilen Angliýanyň “Arsenal” toparynyň arasyndaky duşuşykda ispan topary 2:1 hasbaynda ýeňiş gazandy.

Jogap duşuşyklary 6-njy maýda geçiriler.

 

Diplom ykrar etdirmek üçin haýsy resminamalar zerur?