TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ýewropa futbolyna syn: “Realyň” ýeňlişi, “Ýuwentusyň” ýeňip bilmezligi, “Bawariýanyň” ynamly ýeňişleri

Futbol äleminde geçen hepdede öňdebaryjy çempionatlarda geçirilen duşuşyklar barada ýurdumyzyň futbol janköýerlerine gysgaça syn bermegi makul bildik. Hepdäniň başyny Angliýanyň “Premýer liga” çempionatyndan başlaýarys.

Premýer liga” çempionatynda geçirilen duşuşyklar

Ewerton 1:3 Mançester Ýunaýted”

Bernard 19’      Bruno Fernandeş 25’ 32’

Edinson Kawani 90+5’

Meşhur tälimçileriň biri bolan Karlo Ançelotti “Ewerton” futbol toparyna tälim berýär. Emma bu oýunda myhmanlar örän ýokary derejeli yzygiderli hüjümlerini görkezip, Kawaniniň geçiren goly bilen oýunda soňky netijäni kesgitledi.

Mançester Siti 1:1 Liwerpul”

Gabriel Jesus 31’    Mohamed  Salah 13’ (P)

Çempionatyň soňky çempiony bolmagy başaran “Liwerpul” topary myhmançylykda, ýer eýeleri toparyna garşy mynasyp duşuşyk geçirdi. Umuman aýdanymyza çempionatyň iki güýçli toparlary duşuşdylar netijede dostluk ýeňiş gazandy.

 

Lester Siti 1:0 Wulwerhempton”

Jeými Wardi 15’ (P)

Häzirki wagtda çempionatda “Lester Siti” topary birinji orny eýeläp gelýär we özüniň güýçlidigini nobatdaky gezek subut etdi. Duşuşykda iki topar hem jemi 18 gezek derwezä urgy gönükdirdiler.

“Arsenal 0:3 Aston Willa”

Bukaýo Saka 25’ (Ö.D)

Oli Watkins 72’, 75’

Tälimçi Mikel Artetanyň tälim berýän “Arsenal” futbol topary öz meýdançasynda çempionatda şowly duşuşyklaryny geçirýän “Aston Willa” futbol topary bilen garşylaşdylar. Duşuşyk howply hüjümlere köp boldy.

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynda geçirilen duşuşyklar

“Barselona 5:2 Betis”

Usman Dembele 22’       Antonio Sanabria 45+2’

Griezmann 49’                  Loren Moron 73’

Messi 61’(P), 82’

Pedri 90’

Bu duşuşykda Lionel Messi jerime urgularynyň sany alta çykardy. Hüjümçi Ansu Fati oýunyň birinji ýarymynda çep aýagyndan şikes alyp meýdançany terk etdi. Oýunçy indiki ýylda meýdança dolanyp gelmegine garaşylýar.

Atletiko Madrid 4:0 Kadis”

Joa Feliks 8’, 90’

Markus Llorente 22’

Luiz Suarez51’

“Kadis” futbol topary soňky tapgyrlarda gowy netije görkezdi we hat-da “Real Madrid” toparyny hem ýeňmegi başardy. Emma “Atletiko Madrid” topary ýeňişi elden bermedi, golaýda topara goşulan Luis Suarez hem topara uly itergi bermäge başlaýar.

Walensiýa 4:1 Real Madrid”

Karlos Soler  35’(P), 54’(P), 63’(P)      Karim Benzema  23’

Rafael Waran 43’ (Ö.D)

Bu duşuşykda Şa topary ilkinji bolup öňe saýlansalar-da, oýnuň ahyrynda ýeňlişe sezewar boldular. Şa toparynyň derwezesine jemi 3 sany jerime urgy görkezildi we olary Karlos Soler netijeli tamamlady. Toparyň goragçysy Waran bolsa tötänlikden öz derwezesine gol geçirdi. Oýunuň dowamynda Kroos, Ýowiç, Rodrigo, Odegard ýaly oýunçylar meýdança çykap oýuny halas edip bilmediler.

Sewilýa 1:0 Osasuna”

                                                    Lukas Okampos 59’(P)

Getafe 1:3 Willereal”

                                                   Mauro Arambarri 16’       Pako Alkaser 11’

Manu Trigueros 17’

Gerard Moreno 62’

 

Germaniýanyň “Bundesliga” çempionatynda geçirilen duşuşyklar

Borussiýa Dortmund 2:3 Bawariýa”

Marko Roýs 45’       Alaba 45+4’

Erling Holand 83’       Robert Lewandowski 48’

Leroý Sane 80’

“Der Klassika” duşuşygynda “Bawariýa” futbol topary ýeňiş gazandy. Lewandowskiniň geçiren iki goly “WAR” sistemasy tarapyndan hasaba alynmady. Bu duşuşykda tapawutlanan Alaba “Bundesliga” çempionatyndaky 200-nji ýeňşini gazandy.

Baýer Lewerkuzen 4:3 Borussiýa Mýunhengladbah” 

Lukas Alario 27’, 41’                     Lars Ştindl 18’(P), 29’

Leon Baileý 68’                              Lazaro 90+4’

Hulian Baumgartlinger 82’

 

Maýns 05 2:2 Şalke”

Daniel Brosinski 6’(P)           Mark Ut 36’

Mateta 45+2’ (P)                    Juste 82’ (Ö.D)

Italiýanyň “Seriýa A” ” çempionatynda geçirilen duşuşyklar

Lasio 1:1 Ýuwentus”

                                                  Felipe Kaýsedo 90+5’      Kriştiano Ronaldo 15’

“Ýuwentus” toparynyň ýyldyz hüjümçisi Ronaldo koronawirus ýokanjyndan gutulyp, golaýda toparyna goşuldy we oýnuň 15-nji minutynda tapawutlanmagy abaşardy. Emma Ronaldynyň bu goly toparyna ýeňiş getirmedi. Andrea Pirlonyň tälim berýän “Ýuwentus” toparyna ne döw çaldy. Birnäçe duşuşykdan bäri ýeňip bilmän gelýär. Toparyň ýyldyzy Ronaldonyň indiki tomusky transfer möwsüminde gidip biljekdigi baradaky myş-myşlar ýaýrady.

Atalanta 1:1 Inter”

                                                       Alekseý Mirançuk 79’        Lautaro Martinez 58’

Toparlaryň iň güýçlilerini kesgitlemek üçin iki ýarym ýeterlik bolmady, şonuň üçin duşuşykda dostluk gazandy.

Jenoa 1:3 Roma”

                                                               Marko Pjaca 50’      Genrih Mhitarýan 45+2’, 66’, 85.

 

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

Futbolyň iň abraýly kubogy Italiýada öndürilýär

Katar-2022: 17 günde 765 müň adam bardy

“Ahal” topary ýurdumyzyň çempiony boldy

Teswirle