TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ýewropa futbolyna syn… Mourinýo Gwardiolany ýeňdi

Geçen hepde geçirilen öňdebaryjy futbol çempionatlaryň futbol duşuşyklary we olaryň netijeleri bilen ýurdumyzyň futbol janköýerlerini tanyşdyrmagy makul bildik.

Angliýanyň Premýer ligasynda gyzykly duşuşyklaryň netijeleri:

“Tottenhem 2:0 Mançester Siti”

Son Hyn Min 5’

Jowani Lo Çelso 65’

Bu duşuşyk örän ýokary depginde geçdi, öz meýdançasynda diýseň güýçli oýuny görkezen Tottenhem, garşydaşa kän bir howply pursatlary döretmäge mümkinçilik bermedi. Ýöne “Mançester Siti” toparynyň goragçysy Laporte gol geçirdi emma geçirilen gol hasaba alynmady, sebäbi ýardam pasyny geçiren Jesusyň top eline galtaşypdy.

“Liwerpul 3:0 Lester Siti”

Jonny Ewans 21’ (Ö.d)

Diogo Jota 41’

Roberto Firmino 86’

Häzirki wagtlarda “Lester Siti” toparyna baş tälimçi gelenden soňra has ynamly oýun görkezmege başladylar. Hat-da çempionatda birnäçe wagtlap lider hem bolupdy. Emma “Liwerpul” özüniň geçen ýyl ýöne ýerden çempion bolandäldigini ýene-de bir gezek subut etdi. Duşuşyk örän çekeleşikli geçdi.

“Nýukasl 0:2 Çelsi”

Federiko Fernandez 10’ (Ö.d)

Temmi Abraham 65’

“Mançester Ýunaýted 1:0 West Bromwiç”

Bruno Fernandeş 56’ (P)

Ispaniýanyň La Liga çempionatyndan gyzykly duşuşyklaryň netijeleri:

“Willerreal 1:1 Real Madrid”

Jerard Moreno 76’ (P)      Mariano Diaz 2’

Myhmançylyk edýän toparyň düzüminde köp oýunçylary milli futbol ýygyndylara gatnaşyp şikes alyp gelipdiler. Emma toparyň tälimçisi Zinedin Zidan, töwekgelçilik edip, şikes alan oýunçylary meýdança çykar. Hat-da myhmanlar duşuşygyň başyny gowy başladylar. “Willerreal” topary bolsa ýeňişi elden bermedi.

“Atletiko Madrid 1:0 Barselona”

Ýannik Karrasko 45+3’

“Atletiko” topary hakda aýdanymyzda eýýäm birnäçe wagtlap, “Barselona” toparyna garşy duşuşykda özüni agrresiw alyp barýar. Birinji ýarymy tamamlanyp barýaka, Karrasko ýarym meýdançada derwezewan Ter Ştegini tilsim bilen yzda goýup, hasaba açdy. Soňra “Barselona” topary näçe depginni artdyrsa-da bu oýun üçin ýeterlik bolmady.

“Sewilýa 4:2 Selta”

Hules Kounde 5’      Iago Aspas 10’

Ýusef En-Nesri 45+3’      Nolito 36’

Esçudero 85’

Munir El Haddadi 87’

Italiýanyň Seriýa A çempionatyndan gyzykly duşuşyklaryň netijeleri:

“Napoli 1:3 Milan”

Mertens 63’   Zlatan Ibrahimowiç 20’, 54’

Petter Hog 90+5’

Italiýada hem gyzykly duşuşyk geçirildi. Gattusonyň şägirdleri öz meýdançasynda “Milan” toparyndan, has takyk bolsa Ibrahimowiçli Milandan astyn geldiler. Soňky wagtlarda öz ýaşyna garamazdan Zlatan diýseň gowy oýuny görkezýär. Bu duşuşykda hem ony ulyp paýy bar. Oýunyň 65’ minutynda “Napoli” toparynyň oýunçysy Bakaýoko gyzyl petek alyp, meýdançany terk etdi.

“Ýuwentus 2:0 Kalýari”

Ronaldo 38’, 42’

 

“Inter 4:2 Torino”

Aleksis Sançes 64’     Zaza 45+2’

Lukaku 67’, 84’ (P)       Ansaldi 62’ (P)

Lautaro Martinez 90’

 

Germaniýanyň Bundesliga çempionatyndan gyzykly duşuşyklaryň netijeleri:

 

“Bawariýa 1:1 Werder Bremen”

Koman 62’     Eggeştein 45’

“Gerta Berlin 2:5 Borussiýa Dortmund”

Mateus Kunha 33’, 79’    Erling Holland 47’, 49’, 62’, 79’

Rafael Güreiro70’

Bu duşuşyga ser salanamyzda iki zady belläp bileris, ýagny bu duşuşykda “Borussiýa Dortmund” toparynyň uly ýeňişini we ýaş hüjümçiniň geçiren 4 goluny (poke). Holland bu babatda golaýda “Golden Boy” baýragyna mynasyp bolandygyny ýatladýarys.

“Şalke 0:2 Wolsburg”

Weghorst 3’

Şlager 24’

“Aýntraht Frankfurt 1:1 RB Leýpsig”

                                                                 Aýmen Barkok 43’       Ýussuf Poulsen 57’

 

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle