Futbol boýunça Ýewropa çempionatynda Killian Mbappe, Antiuan Grizzman, Kristiano Ronaldo, Eden Azar, Kewin de Bruýne ýaly futbolçylardan uly üstünlikler garaşyldy. Emma bu çempionat garaşylmadyk futbolçylary ýyldyzlaşdyrdy. Olaryň biri hem Federiko Kýeza boldy.
Italiýanyň milli ýygyndysy bilen çempion bolan Federiko Kýeza “Ýuwentus” toparynyň düzüminde çykyş edýär. Bu çempionatda görkezen şowly oýny bilen köp sanly toparlaryň ulyl gyzyklanmasyna eýe boldy. Angliýanyň “Çelsi” topary onuň üçin başlangyç bahasy 100 million ýewro möçberinde teklip bilen çykyş etdi.
Bu başlangyç baha soňky döwrüň iň ýokary pul möçberi bolup durýar. Häzirlikçe “Ýuwentus” topary bu teklibi oňlamady. Olar 23 ýaşly ýarymgoragçyny öz toparynda saklamak isleýär.
UEFA tarapyndan Ýewropa çempionatynyň simwoliki ýygyndysynyň hem düzümine kabul edilen Kýeza çempionatda 2 gol geçirdi.
Federiko Kýeza “Ýuwentus” toparyna “Fiorentina” toparyndan geçipdi. Geçen möwsümde ol 33 duşuşykda oýnap, 9 gol geçirdi.
Federiko Kýeza kakasy Enriko Kýezanyň ýoluny dowam etdirýär. Kakasy Enriko Kýeza hem Italiýanyň milli düzüminde çykyş edipdi.
ATALY OGUL ÝEWROPA ÇEMPIONATYNDA GOL GEÇIREN FUTBOLÇYLAR BOLDY
Şu gezekki Ýewropa çempionatynda Italiýa bilen Awstriýanyň arasynda oýnalan 1/8 final duşuşygynda Federiko Kýeza tapawutlandy. Federiko Kýezadan ozal, ýagny 9144 gün öň onuň kakasy Enriko Kýeza 1996-njy ýylda geçirilen Ýewropa çempionatynda Italiýanyň adyndan çykyş edipdi.
Şeýlelikde olar Ýewropa çempionatynda gol geçiren ataly ogullar boldular. Enriko Kýeza 2001-nji ýylda ogly Federiko Kýeza 4 ýaşynda wagty karýerasyny tamamlapdy.
Ãewropanyň iň güýçli derwezebany “PSŽ” toparyna geçdi