SPORT

Ýewropa çempionatynda Şweýsariýa 1/8 finala çykdy

Germaniýada dowam edýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynda “A” toparçadaky duşuşyklar tamamlandy. Şonuň netijesinde, ýer eýeleri Germaniýa 7 utuk bilen birinji orny eýeledi. Şweýsariýanyň ýygyndysy bolsa, soňky duşuşygynda Germaniýa bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnap, 5 utuk bilen ikinji orny eýeledi.

Şeýlelikde, “A” toparçasyndan Germaniýa bilen Şweýsariýa 1/8 finala çykdy.

Bu toparçada üçünji orny 3 utuk bilen Wengriýa eýeledi. Olaryň hem çempionatda iň gowy netije görkezen toparçadaky 3-nji orny eýelän ýygyndy hökmünde indiki tapgyra çykmak mümkinçiligi bar.

Şotlandiýa bolsa, 1 utuk bilen iň soňky orny eýeläp, çempionat bilen hoşlaşmaly boldy.

Germaniýanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Manuel Noýer 18-nji gezek Ýewropa çempionatynda oýnap, bu ugurda rekordy öz adyna geçirdi. German derwezeçi Ýewropa çempionatlarynyň duşuşyklarynda iň köp çykyş eden derwezeçi boldy. Bu ugurda ikinji orny 17 duşuşyk bilen Italiýanyň ozalky derwezeçisi Janluiji Buffon eýeleýär. Üçünji orunda bolsa,   16 duşuşykda çykyş eden Niderlandlaryň derwezeçisi Edwin wan der Sar barýar.

Ýene-de okaň

Mbappe: men bagtly oglan, “Realda” oýnamak arzuwym hasyl boldy

Ata Watan Eserleri

Garet Sautgeýt Angliýanyň tälimçisi wezipesinden gitdi

“Real Madrid” topary Kilian Mbappeni tanyşdyrdy

Ata Watan Eserleri

Messi iň köp kubok gazanan futbolçy boldy

“Zenit” topary 5-nji gezek Russiýanyň Superkubogyny gazandy

Türkmen türgenleri 6 aýda 361 medal gazandy