TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça ýörite wekiliniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, hanym Teri Hakala hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili Eamon Gilmor bilen duşuşyk boldy.

Söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmekde, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm gurallaryň biri bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Duşuşykda gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny, şol sanda energetika, ulag we söwda ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Şu maksat bilen, tehnologiýa we maglumat serişdelerini alyşmagy ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

Söhbetdeşler sanlylaşdyrmak meselelerine uly üns berdiler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan we döwlet durmuşynyň ähli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler bilen şertlendirilendir.

Ýene-de okaň

Wengriýa Türkmenistanyň tebigy gazyna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan BMG-ä hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmegi teklip etdi

Ata Watan Eserleri

TOPH gaz geçirijisi taslamasyny tizleşdirmek üçin Meýilnama gol çekildi

Teswirle