DÜNÝÄ

Ýesimasa Haýasi Ýaponiýanyň Premýer-ministrligine dalaşgär boldy

Ýaponiýanyň ozalky daşary işler ministri, häzirki wagtda Ministrler Kabinetiniň baş sekretary Ýesimasa Haýasi Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň täze ýolbaşçysy wezipesine resmi taýdan dalaşgär boldy. Bu partiýanyň ýolbaşçylygyna saýlanýan dalaşgär şol bir wagtda ýurduň nobatdaky Premýer-ministri bolar.

Bu barada Haýasiniň özi geçiren metbugat ýygnagynda habar berdi. “Men Liberal-demokratik partiýasynyň täze ýolbaşçysy wezipesine dalaşgär bolmak kararyna geldim” – diýip belledi.

Haýasi bu ýokary döwlet wezipesine saýlanan halatynda partiýanyň we onuň agzalarynyň ynamyny gaznamak ugrunda tagalla etjekdigini belledi.

Haýasi 2021-nji ýylyň noýabryndan 2023-nji ýylyň sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň daşary işler ministri wezipesini alyp bardy. Ol ýurduň häzirki Premýer-ministri Fumio Kisidanyň iň ýakyn egindeşleriniň biridir.

 

Ýene-de okaň

Eýranyň Prezidenti ýurduň paýtagtyny göçürmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Gahrymany kosmonawt Oleg Kononenko Ýere dolanmaga taýýar

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşar

Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýete bagyşlanan maslahat geçiriler

Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni halkara maslahat geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda nemes dilini öwrenýänleriň sany 30 müňe ýetdi