TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ýertudana barada…

Ýertudananyň özboluşly tagamy bar. Megerem onuň datly tagamyndan hiç kim ýüz öwrüp bilýän däl bolsa gerek. Ýertudanadan mürepbe we dürli şerbetler taýýarlanýar. Köpýyllyk ösümlik bolan ýertudana 4-5 ýyl hasyl berýär we ony tohumyndan ýa-da «murtjagazlaryndan» köpeldip bolýar. Ýertudana C witaminine we dürli minerallara baýdyr. Onuň düzüminde marganes, mis we nitrat ýaly minerallar köpdür. Gadymy Rimde ony dürli keselleri bejermek üçin hem ulanypdyrlar. Dünýäniň ýüzünde ýertudananyň 20-den gowrak görnüşi bardyr.

Düzümindäki C witamini bedeniň immunitetini güýçlendirýär, ýaralaryň bitmesini çaltlaşdyrýar, gan basyşy kadalaşdyrýar (peseldýär), dişleriň we süňkleriň emele gelmegine kömek edýär. Nitrat myşsalara ganyň we kislorodyň köp barmagyny üpjün edip, myşsalaryň ýadamagynyň öňüni alýar. Onuň düzümindäki mis deride kollageniň döremesini çaltlaşdyrýar. Ýertudanany ýa-da onuň suwuny derä çalmaklyk deriniň näzik we ak bolmagyna hem-de onuň garramagynyň öňüni alýar. Düzümindäki antosionin maddalary horlanmaga ýardam berýär. Ýertudanada aspirine meňzeş madda bar, bu madda bolsa kelle agyryny aýyrmaga kömek edýär.

Ýertudana ýylyň ähli paslynda-da elýeterlidir. Çünki soňky ýyllarda daýhandyr telekeçileriň arasynda ony ýyladyşhana usulynda ýetişdirmek has-da ýörgünli boldy. Ony hatda öý şertlerinde ýörite gaplarda, sebetlerde ekmek hem mümkindir. Ýertudana ekiljek ýerde hem ekin dolanyşygy geçirilýär. Ilkinji ýyl ekilen ýertudana toprak bilen alyşýar. Soňky ýyllar ýertudananyň idegini dogry alyp barsaň, ondan bol hasyl alyp bolýar.

Ýertudana ýylyny hem-de güneşi halaýar. Şonuň üçin onuň ekilýän ýerine kölege düşmeli däl. Eger ýertudananyň ýerini üýtgetmeli bolsa, onda ony turpçanyň, noýbanyň, sogandyr sarymsagyň, şibitdir badyýanyň sökülen ýerine ekmek bolar. Ekilýän ýertudana şitilleriniň aralygy 25-30 santimetre barabar bolmalydyr. Eger ýertudana hasyl bermeýän bolsa, onuň birnäçe sebäbi bardyr. Howa şertleri (aşa sowuk, ýel-ýagmyr), zyýanly mör-möjekler, haşal otuň basmagy, ösümligiň wagtynda tozanlanmazlygy, nädogry ideg hasylyň pes bolmagyna getirip biler. Dogry ideg edilip, sagdyn ösen ýertudana ilkinji üç ýylynda bol hasyl bermäge ukyplydyr.Ýertudana tohumy miwäniň içinde däl-de, daşynda bolan az sanly ösümlikleriň hem biridir we her miwede ortaça iki ýüze golaý tohum ýerleşýär.

Dünýäde ýertudana önümçiliginiň aglaba bölegi Hytaýyň paýyna düşýär; 2019-njy ýylda 3.8 million tonna, ýagny dünýäde ösdürilip ýetişdirilýän iýmişleriň 42 göterimi. Hytaýdan soň ABŞ, Meksika, Müsür we Türkiýe bu hoşboý ysly miweleri ýetişdirýän ýurtlaryň yzygiderliligini düzýär. Bu ýurtlarda ýylda 415 müň tonnadan 1.4 million tonna çenli ýertudana ösdürilip ýetişdirilýär.

Ýer­tu­da­na­nyň 100 gra­myn­da 37 ka­lo­ri­ýa, 59 mg C wi­ta­mi­ni (bu gör­ke­zi­ji li­mon­dan hem köp­dür), 1 mg nat­riý, 174 mg ka­liý, 21 mg kal­siý bol­ýar. Ýer­tu­da­na­nyň ýap­ra­gy we kö­ki gaý­na­dy­lyp içi­lip, dür­li ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da peý­da­la­nyl­ýar.

Mi­we di­ýil­ýän hem bol­sa, ýer­tu­da­na bä­gül­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li ot­ju­mak ösüm­lik ha­sap­lan­ýar.Mun­dan baş­ga-da, me­de­ni ösüm­lik hök­mün­de peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len tä­ze gör­nüş­le­ri bar. Ýer-ho­wa şert­le­ri­ne gö­rä, yz­gar­ly top­ra­gy ha­la­ýan ýer­tu­da­na go­wy toz­ga­la­nan ýag­da­ýyn­da bol ha­syl ber­ýär. Mi­we­si toz­ga­la­nan­dan soň­ra 30-35 gün­de biş­ýär. Şeý­le hem bu ösüm­li­giň ha­syl­ly bol­ma­gy­nda gü­nüň uzyn­ly­gy hem tä­sir ed­ýär. Şol se­bäp­li her se­bi­te mah­sus gör­nü­şi ekil­ýär. Ir we gys­ga wagt­da ýe­tiş­ýän­di­gi üçin ýyla­d­yş­ha­na­lar­da hem giň­den ekil­ýän ekin­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar.

Lukman Goýunlyýew,  
S A Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ
Ýer serişdeleri kafedrasynyñ 4-nji ýyl talyby.

 

 

Oba hojalyk toplumy: ýolbaşçylar wezipä bellendi

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle